Peterburg Aşgabatda Leningradyň goragçylarynyň hormatyna ýadygärlik gurar

  • 27.09.2021 08:12
  • 7.6k+

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglowyň ýolbaşçylygyndaky rus wekiliýeti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygynda Aşgabatda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlara hormat goýmak, olaryň sarpasyny saklamak hem-de türkmen halkyna minnetdarlyk nyşany hökmünde ýadygärlik gurup bermegi teklip etdi..Bu barada gov.spb.ru habar berýär.

Türkmensitanyň Baştutany we Peterburgyň gubernatory Beýik Watançylyk urşunyň we Leningradyň goragçylarynyň ýadygärligini saklap galmak meselesine aýratyn üns berdiler. Beglow Türkmenistanda ýaşap ýören Leningradyň goragçylaryna kömegi üçin minnetdarlyk bildirdi. 

«Ýakynda Leningradyň gabawynyň başlananyna 80 ýyl doldy. Türkmenistanyň ýaşaýjylary Leningraddan göçürilenleri kabul edipdi. Olaryň myhmansöýerligi we mähirliligi biziň ýüreklerimizde saklanýar. Biz türkmen halkyna minnetdarlyk nyşany hökmünde Aşgabatda ýadygärlik gurup bermek isleýäris» - diýip Beglow belledi.

Uruş ýyllarynda Türkmenistan gabawa alnan Leningraddan 300-den gowrak adamy, şol sanda çagalary kabul etdi.


düýn 15:15
906

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

12.06.2026 01:36
5k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

11.06.2026 14:06
7.3k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

11.06.2026 14:01
7.8k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....