Türkmen Lideri: Garaşsyzlyk ýyllarynda milli ykdysadyýetde täze ugur — elektron senagat döredi

  • 27.09.2021 07:46
  • 4.3k+

«Biz milli ykdysadyýetimiziň täze, depginli ösýän ugruna öwrülen elektron senagaty döredýäris» diýip, Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde eden maksatnamalaýyn çykyşynda türkmen Lideri häzirki döwrüň täze garaýyşlarydyr innowasion önümçilikleri döretmegi talap edýändigini belledi.

Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzda ýokary tehnologiýalara we düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti döretmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Biz milli ykdysadyýetimiziň täze, depginli ösýän ugruna öwrülen elektron senagaty döredýäris.

Häzirki döwürde ýurdumyzda smart-telewizorlar, noutbuklar, planşetler, monobloklar, sensorly ekrany bolan kompýuterler, çek-printerler, skanerler we beýleki görnüşdäki elektron önümler öndürilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti: «Bu ugurda biz ylmy-barlag edaralary we ýokary okuw mekdepleriniň ylmy merkezleri, elektron aragatnaşygyň önümçilik kärhanalary bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyny geljekki ösüşiň esasy şertlerinden biri hasaplaýarys. Senagat we awtomobil elektronikasyny, lukmançylyk hem-de kompýuter tehnikasyny, elektron we beýleki harytlary öndürmek, şeýle hem täze kärhanalary döretmek zerur diýip pikir edýäris» diýip belledi.


11.05.2026 22:55
988

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

03.05.2026 12:23
8.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......