Türkmenistanyň Prezidenti ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny aýtdy

  • 26.09.2021 16:37
  • 4.6k+

Daşky gurşawyň arassalygyny we baýlygyny gorap saklamak, tebigy serişdelere aýawly garamak we olary tygşytly ulanmak, önümçilige ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda belledi.

Daşky gurşawyň arassalygyny we baýlygyny gorap saklamak, tebigy serişdelere aýawly garamak we olary tygşytly ulanmak, önümçilige ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarydyr diýip, türkmen Lideri nygtady.

Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Aşgabatda sebit merkezini açmak, Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny we Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky biziň tekliplerimiz dünýäde giň goldaw tapdy diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda göwrümi 18 million kub metr bolan howdany ulanmaga berdik, Bu taslamanyň amala aşyrylmagy suw serişdelerini aýawly ulanmakda we oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almakda ýene-de bir möhüm ädim boldy diýip, döwlet Baştutany aýtdy. Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda Gün we ýel elektrik energiýasyny öndürýän stansiýany gurmak hem göz öňünde tutulýar.

Belläp geçsek, hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň hormatyna geçen ýyl Aşgabat şäheriniň daş-töwereginde we welaýatlarda 25 million düýp miweli, saýaly, pürli baglar hem-de üzüm ekildi, bu ýyl Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ilkinji gezek 30 million düýp nahal oturtmak göz öňünde tutulýar.


düýn 10:10
2.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.5k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......