Halk Maslahatyna gatnaşyjylara Türkmenistanda öndürilen harytlardan sowgatlar berler

  • 21.09.2021 14:22
  • 17k+

Häzirki günlerde Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan Halk Maslahatyna gatnaşyjylar üçin sowgatlary taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär, söwda we beýleki hyzmatlary etmek boýunça çäreler görülýär. Bu barada Hökümetiň 20-nji sentýabrda sanly ulgam geçirilen giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow türkmen Liderine hasabat berdi.

Hususan-da, wise-premýer Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan Halk Maslahatyna gatnaşyjylar üçin sowgatlary taýýarlamak boýunça degişli işleriň geçirilendigi, söwda we beýleki hyzmatlary etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berip, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de häkimlikler bilen bilelikde 21-22-nji sentýabrda Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly toýuna bagyşlanan sergini ýokary derejede geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Halk Maslahatyna gatnaşyjylaryň ählisini zerur bolan ähli zatlar, şol sanda ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň çykarýan ýokary hilli dokma, azyk, sowgatlyk hem-de beýleki önümler bilen üpjün etmegiň möhümdigini nygtady. Türkmen Lideri baýramçylyk günlerinde bölek söwda hyzmatyny ýokary derejede guramak üçin ähli çäreleri görmegiň, şunda harytlaryň, şol sanda azyk önümleriniň hem-de edilýän hyzmatlaryň ýokary hiline aýratyn üns bermegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.


düýn 10:10
2.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.5k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......