Iş kesilen türkmen raýatlarynyň 2058-si, daşary ýurtly raýatlaryň 6-sy azatlyga goýberildi

  • 21.09.2021 08:04
  • 22k+

20-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi. Ol türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Şeýle-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň çäklerinde iş kesilen daşary ýurt raýatlarynyň günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň 20-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen giňişleýin mejlisinde gol çekilen Permanlara laýyklykda, iş kesilen raýatlarymyzyň 2058-si we daşary ýurtly raýatlaryň 6-sy Garaşsyz, berkarar Watanymyzyň şanly baýramy mynasybetli mundan beýläk jeza çekmekden boşadyldy.

Türkmen Lideri wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.


düýn 15:15
1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

12.06.2026 01:36
5.1k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

11.06.2026 14:06
7.3k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

11.06.2026 14:01
7.8k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....