Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň sammitine gatnaşmak üçin Täjigistanda saparda bolar

  • 17.09.2021 11:38
  • 4.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Duşenbe şäherinde geçiriljek sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Täjigistan Respublikasynda saparda bolar. Sapara görülýän taýýarlyk işleri barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow 16-njy sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, saparyň maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ikitaraplaýyn duşuşyklary hem geçirer.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň geljekde hem gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen, oňyn sebit we ählumumy gatnaşyklary işjeňleşdirmäge anyk goşant goşjakdygyny belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçiriljek ŞHG-niň sammiti barada aýtmak bilen, türkmen tarapynyň şeýle forumlara yzygiderli gatnaşmagynyň iri halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem, döwletara derejede netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem ýardam berýändigini nygtap, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Täjigistan Respublikasyna boljak sapara taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.


14.05.2026 19:01
1.8k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......