27-nji sentýabrda guraljak dabaralaryň maksatnamasy taýýarlanyldy

  • 17.09.2021 17:41
  • 11k+

Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 27-nji sentýabrda guraljak baýramçylyk dabaralarynyň maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu barada 16-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa habar berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly senesiniň biziň ählimiz üçin aýratyn many-mazmuna hem-de uly ähmiýete eýedigini belledi. Bu sene beýik özgertmeleriň aýdyň beýanydyr. Häzirki wagtda şol özgertmeleriň netijelerini her ädimde görmek bolýar.

Türkmen Lideri öňümizdäki dabaralaryň maksatnamasynyň çuňňur oýlanyşykly bolmalydygyna ünsi çekip, meýilleşdirilen ähli çäreleriň gadymdan gelýän milli däp-dessurlary, häzirki döwürde tutuş türkmen topragyny gurşap alan giň gerimli özgertmelere beslenen täze taryhy eýýamyň döredijilik ruhuny beýan etmelidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany wise-premýere ýurdumyzyň baş baýramy mynasybetli dabaralaryň, şol sanda täze binagärlik desgalaryň açylyş dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.


düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

12.06.2026 01:36
5k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

11.06.2026 14:06
7.3k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

11.06.2026 14:01
7.8k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....