S.Berdimuhamedow BAE bilen hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe teklipleri hödürledi

  • 17.09.2021 10:01
  • 8.7k+

16-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onuň dowamynda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow golaýda Birleşen Arap Emirliklerine bolan iş saparynyň netijeleri barada aýdyp, bu ýurduň maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly käbir teklipleri hödürledi.

Bellenilişi ýaly, saparyň çäklerinde BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary we Prezidentiň işleri boýunça ministr bilen hem-de Milli howpsuzlyk boýunça Ýokary Geňeşinde, Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginde, Energetika we senagat ministrliginde duşuşyklar geçirildi.

Türkmen wekiliýeti BAE-de bolmagynyň çäklerinde “Mubadala” emirlik kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi. Onda nebitgaz ulgamynda iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin maýa goýumlary çekmek meselesine garaldy. Şeýle hem amala aşyryljak taslamalary maliýeleşdirmek babatda degişli işleri geçirmek barada pikir alşyldy. Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň taslamasyny taýýarlamak barada ylalaşyldy.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdelerini, tehnologiýalary öndürmäge ýöriteleşdirilen “Masdar” kompaniýasynyň wekilleri bilen bolan duşuşygyň barşynda ýurdumyzda amala aşyrylýan maýa goýum taslamalarynyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. Geljekde serhetýaka etraplaryň birinde Gün şöhlesinden energiýa öndürýän köpugurly bekediň gurluşygyny maliýeleşdirmegiň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, degişli Ähtnamanyň taslamasyny taýýarlamak meselesi ylalaşyldy.

Wise-premýer Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşygyň netijeleri boýunça taslamalaryň üçüsine maýa goýmak we karzlary çekmek boýunça resminamalara gol çekmek barada ylalaşylandygy barada hem hasabat berdi. Şolaryň hatarynda Daşoguz welaýatynda poliwinilasetat önümçiligi boýunça zawodyň gurluşygyna Birleşen Arap Emirlikleriniň degişli kompaniýasy tarapyndan önüm bilen hasaplaşmak şertinde göni maýa goýulmagyny guramak barada Ýol kartasyny öz içine alýan Çarçuwaly ylalaşyk, Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda garyşyk dökünleri öndürýän önümhananyň gurluşygyny maliýeleşdirmek barada karz ylalaşygy, Türkmenistanda Abu-Dabiniň Ösüş gaznasy bilen bilelikdäki Maýa goýum edarasyny döretmek barada Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda esaslandyryjylaryň Ylalaşygy we oňa degişli resminamalar bar.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer türkmen Lideriniň garamagyna Döwlet daşary ykdysady iş bankyna Abu-Dabiniň Ösüş gaznasy bilen ýurdumyzyň iri önümçilik taslamalaryna maýa goýmak hem-de Türkmenistanda maýa goýum edarasyny döretmek boýunça degişli işleri geçirmek baradaky teklibi hödürledi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistanyň öňden gelýän we iri söwda-ykdysady hyzmatdaşydygyny belledi hem-de gazanylan ylalaşyklary üstünlikli durmuşa geçirmegiň ähmiýetini belläp, wise-premýeriň hödürlän teklibini makullady we göz öňünde tutulan çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


düýn 17:31
1.1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.8k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....