Türkmen Lideri 2022-nji ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasy boýunça iş maslahatyny geçirdi

  • 15.09.2021 07:40
  • 7.9k+

14-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň hem-de maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda geljek ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça işleriň barşy barada ykdysadyýet we maliýe ulgamynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňlenildi.

Türkmen Lideri mejlisiň barşynda häzir dünýäde bolup geçýän wakalar bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň baş maliýe meýilnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamaga aýratyn üns berilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzy ösdürmegiň kabul edilen durmuş we pudaklaýyn maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin netijeli çäreleri görmek zerur bolup durýar.

Soňra maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow ýolbaşçylyk edýän edaralary tarapyndan Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilýän işler hem-de maliýe-býujet syýasatynyň ileri tutulýan wezipelerini üstünlikli çözmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetini işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleleriň ählisiniň içgin seljerilmelidigini belledi. Döwlet Baştutany daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümçilikleri artdyrmak, elektron senagatyň önümlerini çykarýan kärhanalary döretmek boýunça maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin zerur çäreleriň görülmegini gaýragoýulmasyz wezipeleriň biri hökmünde görkezdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamagyň barşy barada hasabatyň çäklerinde onuň girdeji böleginde göz öňünde tutulan goşmaça çeşmeler, sanly ykdysadyýete geçmegi çaltlandyrmak, döwlet emlägini hususylaşdyrmak, kärhanalary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, gymmatly kagyzlaryň bazaryny ösdürmek boýunça meýilleşdirilen işler barada habar berdi.

2022-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň taslamasynda ykdysadyýetiň jemi içerki önüminiň garaşylýan derejesi, durmuş ulgamyna gönükdirilmegi meýilleşdirilýän serişdeleriň möçberi barada aýdyldy. Hususan-da, esasy maliýe resminamasynda öňümizdäki ýylda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberiniň 10 göterim ýokarlandyrylmagynyň göz öňünde tutulandygy habar berildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek maksady bilen, mundan beýläk-de toplumlaýyn çäreleriň görülmeginiň wajypdygyny belledi. 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujeti, ilkinji nobatda, ykdysadyýetiň mundan beýläk-de ösdürilmegine, onuň hususy ugurlarynyň höweslendirilmegine, maýa goýum kuwwatynyň artdyrylmagyna, durmuş ugurly ulgamyň kämilleşdirilmegine, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň we hiliniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen uzak möhletli milli pudaklaýyn hem-de sebit maksatnamalarynda kesgitlenilen wezipeleri nazara almak bilen işlenip taýýarlanylmalydyr.


düýn 16:30
557

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
724

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

12.06.2026 10:04
5.5k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 22:20
6.8k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......