Türkmen wekiliýeti Owganystan boýunça Ženewa maslahatyna gatnaşdy

  • 14.09.2021 08:57
  • 7.6k+

13-nji sentýabrda Ženewada gibrid görnüşde Owganystanda ynsanperwer meseleler boýunça ýokary derejeli maslahat geçirildi. TDIM-niň Metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, oňa türkmen tarapyndan Daşary işler ministrliginiň wekiliýeti gatnaşdy.

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň, şeýle-de abraýly halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda Owganystana ynsanperwerlik kömegini bermek bilen bagly meselelere garaldy.  

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk hem-de dostluk ýörelgelerine esaslanmak bilen, ýakynda ýerleşen ýurtlara, şol sanda Owganystana ulgamlaýyn esasda ynsanperwerlik kömegini berýär. Hususan-da, goňşy ýurtda durmuş maksatly taslamalary durmuşa geçirmek arkaly Türkmenistan derman serişdeleri hem-de lukmançylyk enjamlary görnüşinde Owganystana yzygiderli ynsanperwerlik kömegini ýollaýar. 


düýn 16:30
539

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
705

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......