Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

  • 08.09.2021 07:44
  • 23k+

7-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine hem-de bu düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şol sanda döwletiň howpsuzlygyny, jemgyýetiň durnuklylygyny üpjün etmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly möhüm meselelere garaldy.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary şu ýylyň sekiz aýynda gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barlan işler hem-de öňde durýan wezipeler dogrusynda gezekli-gezegine türkmen Liderine hasabat berdiler. Hususan-da, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görmek hem-de harby gulluga çagyryş möwsümini ýokary derejede guramak meseleleri barada aýdyldy.

Içeri işler ministri Ö.Hojanyýazow bolsa düzgün bozmalaryň öňüni almak hem-de ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. IIM-niň ýolbaşçysy “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ulaglaryň gatnawlaryny kadalaşdyrmak, pyýada ýolagçylaryň hem-de sürüjileriň ýol hereketiniň kadalary baradaky düşünjelerini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hem habar berdi.

Şeýle hem Döwlet serhet gullugynyň, Ýokary kazyýetiň başlyklarynyň, Baş prokuroryň, milli howpsuzlyk ministriniň, adalat ministriniň, Döwlet gümrük gullugynyň, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlyklarynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlary diňledildi. Döwlet Baştutany Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guraljak baýramçylyk çäreleri barada durup geçip, bu senäniň hormatyna guraljak dabaraly harby ýörişiň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek barada degişli görkezmeleri berdi.


düýn 18:57
1.3k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
984

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
7.2k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......