Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlygyň depgini ýokary derejede

  • 04.09.2021 18:41
  • 6.7k+

3-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi.

Mejlisiň başynda, ilki bilen, Aşgabatda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň hem-de Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewiň maglumatlary diňlenildi.

Bellenilişi ýaly, bu möhüm çäräni geçirmek üçin häzirki wagtda giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň 30 ýyllygy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy ösdürmekde gazanylan taryhy üstünlikler, geljek üçin esasy maksatlar we wezipeler ýaly meseleleri girizmek göz öňünde tutulýar. Bu ugurda Mejlis, Ministrler Kabineti, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerli häkimiýet edaralary bilen bilelikde guramaçylyk we beýleki meseleleri çözmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar.

Habarlary diňläp, döwlet Baştutany Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin degişli meseleleri öz wagtynda we toplumlaýyn çözmegiň ähmiýetini belledi.


şu gün 12:12
432

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

düýn 10:07
2.7k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 14:40
2.3k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....

06.06.2026 11:47
8.8k+

Dubaý we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar iýunyň ortasyna çenli ýatyrylýar

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat —......