Türkmen Lideri «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylary gutlady

  • 04.09.2021 18:46
  • 6.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow zehinli çagalaryň arasynda her ýyl geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara Gutlagyny iberdi. Onda geljegimiz bolan çagalaryň kalbynda sungata söýgini terbiýelemekde we ösdürmekde, zehinleri ýüze çykarmakda hem-de kämilleşdirmekde «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» aýdym-saz bäsleşigine uly ornuň degişlidigi nygtalýar.

Garaşsyzlyk baýramynyň toý dabaralaryna özboluşly bezeg berýän zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryndaky ata Watanymyzy, köpasyrlyk şöhratly taryhymyzy, tebigatymyzyň gözelligini we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanýan üstünliklerimizi wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary biziň göwün guşumyzy ganatlandyryp, mawy asman bilen mele topragymyzyň arasyndaky giňişlikde ak guwlar kimin ganat ýaýdyrýar — diýmek bilen, türkmen Lideri gatnaşyjylaryň ählisini bu ajaýyp aýdym-saz baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

«Siziň şirin aýdym-sazlaryňyz, sazlaşykly tanslaryňyz eziz Watanymyza, mähriban halkymyza bolan beýik söýgüdir. Mähriban Diýara, il-günümize wepalylygyň belent nusgasydyr, ruhubelentligimiziň hem-de bagtyýarlygymyzyň çeşmesidir. Siziň jadyly owazlaryňyz mukaddes Garaşsyzlygymyzy, oňyn Bitaraplygymyzy, synmaz berkararlygymyzy wasp edýän, ýurdumyzyňdyr halkymyzyň şan-şöhratyny äleme ýaýýan ajaýyp sungatdyr» diýip, Gutlagda bellenilýär.


düýn 00:03
3k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.8k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......