Ejima Kiýoşi: «Ýapon kompaniýalary türkmen ykdysadyýetini ösdürmäge has işjeň gatnaşarlar»

  • 04.09.2021 18:38
  • 6k+

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan täze gazturbinaly elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasyna ýaponiýaly myhmanlardyr işewürler hem gatnaşdylar. Şolaryň arasynda öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri Ejima Kiýoşi hem bar.

Iri elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasynda Ejima Kiýoşi çykyş edip, bu taslamanyň Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň mart aýynda Sendaý şäherinde geçirilen BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak baradaky III Bütindünýä maslahatyna gatnaşmak üçin Ýaponiýa amala aşyran saparynyň çäklerinde ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň barşynda ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy. Şol ýylyň oktýabr aýynda “Sumitomo” korporasiýasy bilen Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň arasynda degişli ylalaşyga gol çekildi.

«Täze elektrik stansiýasynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda ulanylmaga berilmegi bizi begendirýär. Ol Watanynyň şanly senesini bellemäge taýýarlanýan hemmeler üçin baýramçylyk sowgadydyr.

Tebigy gazy gaýtadan işlemek babatda soňky ýyllarda üstünlikli durmuşa geçirilen bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi ýurtlarymyzyň ysnyşykly ykdysady gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn berkitmäge ygrarlydygyndan habar berýär» diýip nygtamak bilen, Ejima Kiýoşi ýapon kompaniýalarynyň türkmen ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmäge mundan beýläk-de işjeň gatnaşjakdygyna ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň iýul aýynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ýaponiýa saparynyň barşynda gazanylan täze ylalaşyklar munuň subutnamasydyr. Şonda “ITOCHU” korporasiýasy bilen Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň arasynda “Komatsu” gurluşyk tehnikalaryny getirmek hakynda hem-de “Sumitomo” korporasiýasy bilen “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň arasynda “Toyota” kysymly ýeňil awtoulaglaryň we awtobuslaryň getirilmegi hakynda ylalaşyklara gol çekildi.


şu gün 20:23
516

Duşenbede türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi

2026-njy ýylyň 3-4-nji marty aralygynda Duşenbe şäherinde Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi boldy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň...

şu gün 20:06
2.6k+

Taňryguly Atahallyýew Täjigistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 4-nji martynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Duşenbe şäherine iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewi kabul etdi...

şu gün 15:54
2.8k+

Hytaý Halk Respublikasynda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň geljegi maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçisi P.Durdyýew bilen Hytaýyň Daşary işler ministriniň kömekçisi jenap Lýu Biniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär...

şu gün 15:32
891

Türkmenistanyň Ilçisi Bolgariýa Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy

2026-njy ýylyň mart aýynyň başynda Türkmenistanyň Bolgariýa Respublikasyndaky (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew Sofiýa şäherinde saparda boldy. Saparyň esasy maksady Bolgariýanyň milli baýramy — Azat ediş güni mynasybetli guralan dabaralara gatnaşmakdy...