BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen ulag boýunça 4 sany Kararnama kabul etdi

  • 04.09.2021 07:33
  • 5.3k+

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan häzirki zaman ulag geçelgelerini döretmek we kämilleşdirmek arkaly Ýewraziýa giňişliginiň ulag-logistika ulgamyna işjeň goşulýar. Günbatar — Gündogar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr geçelgeleriň taslamalaryny amala aşyrýar. Hususan-da, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (Lapis Lazuli) we TRASEKA ýaly halkara ulag geçelgelerini döretmäge ýakyndan gatnaşýar. Şular barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti talyp ýaşlar we mekdep okuwçylary bilen geçiren okuw sapagynda ýurdumyzyň ulag strategiýasy barada jikme-jik durup geçdi.

Biz Türkmenbaşy şäherinde döwrebap Halkara deňiz portuny gurduk. Akina — Andhoý, Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy ugurlary boýunça demir ýollary we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny ulanmaga berdik. Bu işler ýurdumyzyň Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmäge işjeň gatnaşýandygyny ýene-de bir gezek äşgär edýär. Diýarymyzyň demir ýol, awtomobil, howa, deňiz we derýa ulaglarynyň düzümini-de düýpli döwrebap ýagdaýa getirýäris. Dünýä meşhur kompaniýalaryň awtobuslaryny, ýeňil we ýük awtoulaglaryny yzygiderli satyn alýarys — diýip, türkmen Lideri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen durnukly ulag ulgamyny döretmek boýunça taryhy Kararnamalaryň dördüsini kabul edendigini aýratyn nygtady.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», Baş Assambleýanyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde, 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda», 2017-nji ýylyň  20-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalar kabul edildi. Şu ýylyň 29-njy iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.


şu gün 07:42
157

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.6k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......