Ýaponiýada elektrik energiýasyny saklamak we daşamak üçin gämi dörediler

  • 02.09.2021 17:13
  • 8.4k+

Internetde Ýaponiýanyň häkimiýetleri tarapyndan oýlanyp tapylan gyzykly taslama barada maglumatlar peýda boldy. Olar 2025-nji ýyla çenli energiýany saklamak we daşamak üçin niýetlenen dünýädäki ilkinji gäminiň gurluşygyny tamamlamagy meýilleşdirýärler. Bu barada ferra.ru belleýär.

Bu taslama bilen PowerX meşgullanar diýip, “Saur Energ” neşiri habar berýär. Häzirki wagtda ol “Power ARK 100” diýlip atlandyrylýar, ýöne wagtyň geçmegi bilen onuň ady üýtgedilip bilner. Gäminiň gurluşy trimaran görnüşinde bolar. Onuň palubasynda akkumulýator batareýaly konteýnerler ýerleşdiriler. Olaryň heri biri 2 MWt/s energiýa saklar.

Gäminiň umumy ýük göterijiligi örän uly bolup, onuň bortunda umumy kuwwaty 200 MWt/s bolan 100 töweregi batareýa ýerleşer diýlip pikir edilýär. Bu günüň dowamynda 22 müňe golaý öý hojalygyny energiýa bilen üpjün etmek üçin ýeterlikdir.

Trimaranyň geçjek ýoly elektrohodda 300 km ýa-da elektrik çekiş güýjüniň biodizel bilen birleşmeginde 1-3 müň km bolar. Munuň Ýaponiýanyň kenarýaka zolagynda gurlan ýel elektrik stansiýalaryna gatnawlary amala aşyrmak üçin ýeterlik bolmagyna garaşylýar. 


13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

08.06.2026 16:26
5.2k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 19:44
1.2k+

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......

31.05.2026 22:44
4.6k+

Xiaomi üç barabanly kir ýuwujy maşyny çykardy

Xiaomi üç zonaly kir ýuwujy ulgamy bolan we umumy agramy 14 kg-a çenli eşigi ýuwup bilýän Mijia Three-Zone Washing Machine 14 kg kir ýuwujy maşynyny çykardy. Täze maşynyň bahasy 6000 ýuan, ýöne hökümet......