Türkmenistan, Täjigistan we Awstriýa owgan meselesinde tagallalaryny birleşdirýär

  • 31.08.2021 08:22
  • 7.1k+

30-njy awgustda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Awstriýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň, şeýle-de migrasiýa meselelerine jogapkär guramalarynyň wekilleriniň owgan meselesi boýunça onlaýn duşuşygy geçirildi. Duşuşyk awstriýa tarapynyň başlangyjy bilen guraldy we oňa Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işleri ministri Aleksandr Şallenberg hem-de Awstriýanyň içeri işler ministri Karl Nehammer wekilçilik etdiler diýlip, mfa.gov.tm saýtynda habar berilýär.   

Duşuşygyň dowamynda taraplar Owganystandaky häzirki ýagdaýlary, hususan-da, bu ýurtdaky syýasy ýagdaýlaryň barşyny hem-de olaryň sebitiň durnuklylygyna we howpsuzlygyna ýetirýän täsirini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlisde çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew, bu ýurtdaky ähli jogapkär güýçleriň gatnaşmagynda Owganystandaky ýagdaýlaryň tizara kadalaşdyrylmagy, şeýle hem halkara bileleşiginiň bu meselä has çynlakaý mazmunda gatnaşmagy ugrunda çykyş edýän Türkmenistanyň bu ugurdaky nukdaýnazaryny beýan etdi.

Taraplar Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine ýardam bermek üçin anyk hereketleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen işjeň gatnaşyklary dowam etmek barada ylalaşdylar.


düýn 18:57
1.3k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
982

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
7.2k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......