Türkmenistanyň Prezidenti we Pakistanyň daşary işler ministri owgan meselesini maslahatlaşdylar

  • 26.08.2021 16:14
  • 22k+

26-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Pakistanyň daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşini kabul etdi. Bu barada Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň mofa.gov.pk  saýtynda habar berildi. 

Duşuşygyň dowamynda diplomat iki ýurduň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi, maksatlaryň we pikirleriň umumy garaýşa laýyk gelýändigi barada aýdyp, Pakistanyň TOPH ýaly iri taslamalar arkaly ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny belledi.

Duşuşykda türkmen Lideri hem-de Pakistanyň baş diplomaty goňşy Owganystandaky ýagdaýy hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Pakistany möhüm hyzmatdaş hasaplaýandygyny aýdyp, bu ýurduň daşary işler ministriniň Owganystandaky ýagdaýa umumy sebitleýin çemeleşmek üçin Merkezi Aziýa döwletlerine amala aşyran saparyna ýokary baha berdi.

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşi 24 — 26-njy awgust aralygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynda — Täjigistanda, Özbegistanda we Türkmenistanda saparda boldy. Saparyň esasy maksady Owganystandaky häzirki ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.


şu gün 07:42
157

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......