24-26-njy awgustda Pakistanyň daşary işler ministri Merkezi Aziýa ýurtlarynda saparda bolýar

  • 25.08.2021 19:37
  • 4.9k+

Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşi 24 — 26-njy awgust aralygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynda — Täjigistanda, Özbegistanda we Türkmenistanda saparda bolýar. Pakistanyň baş diplomatynyň iki günlük sapary barada ýurduň Daşary işler ministrliginiň mofa.gov.pk saýtynda habar berildi.

«Pakistan goňşy ýurtlaryň Owganystanda we sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de durnuklylygyň üpjün edilmegine gyzyklanma bildirýändigine ynanýar. Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi babatda hyzmatdaşlyk etmek möhümdir» diýlip, habarda saparyň esasy maksadynyň Owganystandaky häzirki ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdygy aýdylýar. Merkezi Aziýanyň ýokary wezipeli wekilleri bilen geçiriljek duşuşyklarda Pakistanyň baş diplomaty ýurduň Owganystandaky ýagdaýlar baradaky garaýyşlaryny mälim eder.

Pakistanyň DIM-niň saýtynda Şah Mahmud Kureýşiniň 25-nji awgustda Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin, şeýle hem Özbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirendigi barada hem habar berilýär. Täjigistanyň daşary syýasat edarasynyň mfa.tj resmi internet saýtynda Pakistanyň daşary işler ministri bilen Prezident Emomali Rahmonyň arasynda gepleşikleriň geçirilip, onuň dowamynda taraplaryň döwletara gatnaşylaryň möhüm ugurlary boýunça pikir alşylandygy, Owganystanda parahatçylygy dikeltmek boýunça tagallary birleşdirmek boýunça anyk gürrüňleriň edilendigi barada aýdylýar.


27.06.2026 19:38
5.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......