Türkmen Lideri Marynyň “Türkmeniň ak öýüniň” ýanynda täze desganyň gurluşygyna badalga berdi

  • 24.08.2021 14:44
  • 10k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 23-nji awgustda Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Mary şäherinde bina edilen “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanynda ýerleşip, onuň bilen bir bitewi toplumy emele getirjek 3 müň orunlyk köpçülikleýin dabaralary geçirmäge niýetlenen desganyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, iş saparynyň çäklerinde türkmen Lideri, ilki bilen, “Galkynyş” gaz känine baryp gördi we bu ýerde täze guýularyň birbada üçüsiniň gurluşygyna badalga berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Mary şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda guruljak täze desganyň binýadyna ilkinji betony guýup, gurluşyga ak pata berdi. Soňra türkmen Lideri bu ýerde çagalar hem-de ýaşuly nesliň wekilleri bilen söhbetdeş bolup, olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Ýeri gelende bellesek, Ministrler Kabinetiniň 20-nji awgustda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Mary welaýatynyň häkimliginiň buýurmasy esasynda “Ak täjirçilik merkezi” hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri bu desganyň taslamasyny taýýarlarlar we gurarlar. Köpçülikleýin dabaralary geçirmäge niýetlenilen binada häzirki zaman ugurdaş enjamlarynyň oturdylmagy bilen, ähli zerur şertler üpjün ediler. Binanyň ýanaşyk ýerleri göwnejaý derejede abadanlaşdyrylar.


10.04.2026 23:55
10k+

Mary — Türkmenabat ýolunyň hili we howpsuzlygy ISO şahadatnamalary bilen tassyklanyldy

Şu gün Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedowa desganyň ýokary hilini we tehnologik taýdan......

09.04.2026 16:01
19k+

Ýolöten etrabyndaky täze şäherçe nähili bolar: taslamadan suratlar

Ozal habar berşimiz ýaly, 8-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde 4 müň 500 hojalyga niýetlenen täze döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna......

09.04.2026 07:14
9.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynda täze şäherçäniň gurluşygyna badalga berdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde 4500 hojalyga niýetlenen täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Bu barada......

08.04.2026 16:10
10k+

Ýolöten etrabynda 4500 öýli täze döwrebap şäherçäniň düýbi tutuldy

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde 800 gektar meýdany eýelejek täze, döwrebap obanyň gurluşygyna dabaraly ýagdaýda badalga berildi. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti......