Türkmenistanyň Prezidenti «Galkynyş» käninde täze guýularyň gurluşygyna badalga berdi

  • 23.08.2021 18:57
  • 12k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Ýolöten etrabynyň çäginde ýerleşýän «Galkynyş» gaz ýatagynda täze guýularyň birbada üçüsiniň gurluşygyna badalga berdi. Bu barada nebitgaz toplumynyň elektron neşirinde habar berilýär.

Täze guýularyň gurluşygyna badalga bermek dabarasyna şeýle hem HHR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen, Hytaýyň Milli nebitgaz kompaniýasynyň milli bölüminiň Baş direktory Çen Huaýlu gatnaşdy.

Türkmen Lideri bu ýere ýygnananlary şanly waka bilen gutlap, çykyş etdi. Çärä gatnaşyjylara Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda ýetilen sepgitlerden söz açýan wideoşekiller görkezildi. Soňra döwlet Baştutany gaz guýularyny burawlamaga başlamaga ak pata berdi.

Bellenilişi ýaly, bu guýularyň gurluşygyny Hytaý Halk Respublikasyna üç ýylyň dowamynda iberilmeli tebigy gazyň hasabyna  CNPC Chuanqing Drilling Engineering Company Limited hytaý kompaniýasy amala aşyrar. Taslamany 30 aýyň dowamynda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Garaşylyşy ýaly, her guýudan, ortaça, her günde 3 million kub metr gaz çykarylar.

TmCars.info-nyň ozal hem habar berşi ýaly, «Galkynyş» gaz känindäki täze guýularyň gurluşygyny tamamlamak hakynda türkmen Lideri şu ýylyň 16-njy iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde degişli Karara gol çekipdi.

Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konsernine Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 29-njy dekabrynda çykaran 10747-nji Kararyna laýyklykda, Birleşen Arap Emirlikleriniň “Gulf Oil & Gas FZE” kompaniýasy bilen baglaşan şertnamasy boýunça gurluşyk işlerine başlanyp, doly tamamlanmadyk 3 sany gaz guýusynyň gurluşygyny tamamlamak we olary önümçilige girizmek barada Hytaý Halk Respublikasynyň “СNPС Сhuanqing Drilling Engineering Сompany Limited” kompaniýasy bilen şertnamany işleri 30 aýyň dowamynda ýerine ýetirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.


20.06.2026 11:54
5.1k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

08.06.2026 19:01
4.9k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.3k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....