Türkmen Lideri Maýa Sanduny Moldowanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady

  • 24.08.2021 09:59
  • 3.8k+

Moldowa Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Moldowa Respublikasynyň Prezidenti hanym Maýa Sandua hem-de onuň üsti bilen ýurduň ähli dostlukly halkyna tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny ýollady.

Gutlagda: “Garaşsyzlyk ýyllarynda Siziň ýurduňyzyň syýasy, ykdysady we durmuş ulgamlarynda ýeten üstünliklerini hem-de döwletlerimiziň arasynda emele gelen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellemek bizi guwandyrýar. Türkmenistanyň we Moldowanyň döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge we ösdürmäge ygrarly bolmagy iki halkyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine berk ynanýaryn” diýip bellenilýär.

Ýeri gelende bellesek, Günorta-Gündogar Ýewropada ýerleşýän Moldowa Respublikasynyň döwlet Garaşsyzlygy 1991-nji ýylyň 27-nji awgustynda yglan edildi. 2020-nji ýylyň 24-nji dekabryndan bäri ýurduň Baştutany wezipesini Maýa Sandu ýerine ýetirýär.


düýn 19:38
2.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......