Fransiýaly Saşa Žoýa 110 m aralyga päsgelçilikli ylgamakda ýetginjekleriň dünýä rekordyny goýdy

  • 22.08.2021 17:36
  • 6.2k+

Fransiýaly ýeňil atletikaçy Saşa Žoýa ýetginjekleriň arasynda dünýä çempionatynda 110 m aralyga päsgelçilikli ylgamakda ýetginjekleriň dünýä rekordyny goýdy. Ýaryşlar Naýrobide geçirilýär diýip, TASS habar berýär.

19 ýaşly ylgawçynyň netijesi 12,72 sekunt boldy, ol bir gün öň goýan rekordyny (12,93) täzeledi. Şonda ol karýerasynda ilkinji gezek 13 sekuntdan çykdy.

Fransiýaly türgen bu aralygy ulularyň dünýä rekordyndan (12,80) hem çalt geçdi, ýöne päsgelçilikleriň beýikliginiň tapawutlydygy sebäpli, bu rekord ulularyň arasynda dünýä derejesinde tassyklanmaz.

Žoýa 2021-nji ýylda Tallinde geçirilen ýetginjekleriň Ýewropa çempionatynyň hem ýeňijisidir. Naýrobidäki ýaryşlar 22-nji awgustda tamamlanar.


düýn 23:43
6.2k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

21.06.2026 21:03
2.2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

15.06.2026 14:15
8k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....