Olimpiýa ýeňijisi Polina Gurýewa Prezidentiň adyndan sowgatlar gowşuryldy

  • 21.08.2021 12:18
  • 47k+

Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Türkmenistanyň taryhynda ilkinji Olimpiýa medalyny gazanan agyr atletika boýunça ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň wekili Polina Gurýewany sylaglamak dabarasy geçirildi. Bilşimiz ýaly, türkmenistanly türgen Tokio-2020-de 59 kilogram agrama çenli ýaryşda kümüş medalyň eýesi boldy.

Dabaranyň barşynda wise-premýer, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň Olimpiýa ýygyndysyna iberen Gutlag hatyny okady.

Soňra Polina Gurýewa Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sylaglar gowşuryldy.

Tokio Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi Polina Gurýewa 50  müň Amerikan dollary möçberinde pul baýragy hem-de Aşgabat şäherinden 3 otagly ýaşaýyş jaýynyň we gymmat bahaly Lexus LX 570 Sport Plus awtoulagyň açarlary gowşuryldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Sport we bedenterbiýe institutynyň talyby Polina Gurýewa «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen ady dakyldy.

Tokio 2020-da agyr atletika boýunça zenanlaryň arasynda 59 kg agram derejesinde çykyş eden ildeşimiz Polina Gurýewa birbada götermekde 96, itekläp götermekde 121 kg, umumylykda-da 217 kg agram bilen kümüş medala mynasyp bolupdy.

TmCars.info watandaşymyzy bu üstünligi bilen ýene-de bir gezek gutlaýar.


18.06.2026 14:40
4.3k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......