Gyrgyzystan Gazagystandan soň QazVac sanjymyny hasaba alan ilkinji ýurt boldy

  • 20.08.2021 16:52
  • 4.7k+

Gyrgyzystan Gazagystanyň QazVac koronawirusa garşy sanjymyny hasaba alan ilkinji daşary ýurt boldy. Bu barada Gazagystanyň hökümetiniň ýanyndaky koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça pudagara komissiýasy habar berdi diýip, TASS belleýär.

“Gyrgyzystan Respublikasy Gazagystanyň QazVac koronawirus ýokanjyna garşy sanjymyny hasaba alan ilkinji daşary ýurt boldy. COVID-19-a garşy QazVac hereketsiz sanjymyň (QazCovid-in) döwlet bellige alnyşy baradaky hasaba alyş şahadatnamasy Gyrgyzystan Respublikasynyň Saglygy goraýyş we sosial ösüş ministrliginiň ýanyndaky Derman serişdeleri we lukmançylyk önümleri bölümi tarapyndan 2021-nji ýylyň 18-nji awgustynda berildi” – diýlip, habarda aýdylýar.

QazVac sanjymynyň üstünde Gazagystanyň Biologiki howpsuzlyk meseleleriniň ylmy barlag institutynyň alymlary we hünärmenleri işlediler. Sanjymyň ilkinji tapgyry bu institutyň bazasynda öndürilip, ýurduň sebitlerine iberildi. Gazagystanda koronawirusa garşy ýerli derman serişdesi bilen sanjym 26-njy aprelde başlandy. QazVac sanjymy 18 we ondan uly ýaşly adamlar üçin maslahat berilýär we 21 gün aralyk bilen iki tapgyrda myşsa içine goýberilýär. Sanjymy döredijiler Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan razylyk almaga girişdiler.

28-nji iýulda Gazagystanyň häkimiýetleri COVID-19-a garşy göreşde hyzmatdaşlyk etmegiň çäginde ynsanperwer kömegi hökmünde Gyrgyzystana 25 müň dozada QazVac sanjymyny iberdi.


23.05.2025 12:05
1.9k+

BSGG üç ýyl çekeleşmeden soň pandemiýalar bilen göreş şertnamasyny kabul etdi

Ženewada geçirilen Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda BSGG-niň pandemiýalar bilen göreşmek boýunça şertnamasy kabul edildi. Bu resminama babatynda maslahatlar COVID-19 pandemiýasynyň güýjän döwründe başlap, üç ýyl dowam etdi...

20.03.2025 12:22
4.6k+

COVID-19-a garşy derman howply Ebola gyzdyrmasy bilen göreşde netijeliligi görkezdi

Amerikaly alymlar Ebola gyzdyrmasyny bejermegiň täze usulyny ilkinji gezek üstünlikli synagdan geçirdi. Science Advances (SciAdv) žurnalynyň maglumatlaryna görä, Tehas uniwersitetiniň ylmy gözlegçilerine kesel...

13.03.2025 06:25
5.2k+

Britaniýaly hirurglar kowidden soňky kesel alamatly näsaglaryň ys alyş we tagam biliş duýgularyny dikeltdiler

Londonyň Uniwersitet kollejiniň hassahanalarynyň (UCLH) hirurglary kowidden galan sindromly näsaglaryň ys alyş we tagam biliş duýgularyny dikeltmegiň usulyny tapdylar. Synag Facial Plactic Surgery žurnalynda çap...

10.05.2024 13:28
4.8k+

AstraZeneca “islegiň pesligi” sebäpli COVID-19-a garşy sanjymyny satuwdan aýyrýar

Britan-şwed farmasewtik kompaniýasy AstraZeneca COVID-19-a garşy Vaxzevria sanjymyny tutuş dünýä boýunça yzyna gaýtarýandygyny mälim etdi. Kompaniýa bu çözgüdi resmi taýdan islegiň ýoklugy bilen düşündirdi diýip...