Gazagystanda şu ýyl düwnük keseline garşy täze derman serişdesini hasaba almaga taýýarlanýarlar

  • 03.04.2026 21:00
  • 3.8k+

Gazagystanly alymlar rak keseline garşy göreşýän DVC derman serişdesini işläp taýýarlamagy dowam etdirýär. Kliniki synaglaryň 2026-njy ýylda tamamlanmagyna garaşylýar, şondan soň ony hasaba almak üçin resminamalary tabşyrmak meýilleşdirilýär.

Bu derman serişdesini işläp taýýarlamak bilen Nazarbaýew uniwersitetiniň ýanyndaky «Astana» milli barlaghanasy meşgullanýar. 2024-nji ýylda derman hassalaryň gatnaşmagynda synaglaryň bir tapgyryndan geçdi. Häzirki wagtda barlaglar Astananyň onkologiýa merkezinde, şeýle hem birnäçe sebit lukmançylyk edaralarynda dowam edýär.

Ylym we ýokary bilim ministrliginiň maglumatlaryna görä, derman serişdesini işläp taýýarlamagyň möhletleri halkara standartlaryna laýyk gelmek zerurlygy sebäpli uzaldyldy. Bu ýagdaý Almatydaky, Astanadaky we beýleki sebitlerdäki hassalaryň gatnaşmagynda goşmaça synaglaryň geçirilmegini talap etdi.

Işler Saglygy goraýyş ministrligi we Milli derman serişdelerini seljeriş merkezi bilen bilelikde alnyp barylýar. Şeýle hem Ýewraziýa ykdysady birleşiginiň talaplary göz öňünde tutulýar.

2024-nji ýylda geçirilen synaglaryň birinji tapgyrynyň netijeleri boýunça, 15 sany hassadan ybarat bolan toparda çişleriň ortaça 30% azalandygy hasaba alyndy.

Ikinji tapgyr 2024-nji ýylyň 1-nji iýulynda başlandy. Oňa gatnaşmak üçin 5 müňe golaý adam arza tabşyrdy, olardan 3 müň hassa saýlanyp alyndy.

Synaglar tamamlanandan soň, işläp düzüjiler derman serişdesini Gazagystanda hasaba almak üçin resminamalary tabşyrmagy göz öňünde tutýar. Halkara derejesinde hasaba almak bolsa milli derejede tassyklanandan soň mümkin bolar.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......