“Wektor” merkezi 2021-nji ýylyň ahyrynda mama keseline garşy sanjymy hasaba almagy meýilleşdirýär

  • 19.08.2021 16:30
  • 6.6k+

Wirusologiýanyň we biotehnologiýanyň döwlet ylmy merkezi “Wektor” 2021-nji ýylyň ahyrynda mama keseline garşy sanjymy hasaba almagy meýilleşdirýär. Häzirki wagtda synag işleriniň ikinji we üçünji tapgyrlary tamamlanýar diýip, merkeziň baş müdiri Rinat Maksýutow “Izwestiýa” gazetine beren interwýusynda aýtdy. Bu barada news.rambler.ru habar berýär.

“Biziň sanjymymyz meýletinçilerde ilkinji synag tapgyryny geçdi. Häzirki wagtda 300-den gowrak gatnaşyjy bilen ikinji we üçünji tapgyrlar alnyp barylýar. Biz ýylyň ahyrynda hasaba alynmagyna garaşýarys” – diýip, Maksýutow aýtdy.

Mundan başga-da, “Wektoryň” baş müdiri merkez tarapyndan döredilen HIOX-14 mama keseline garşy derman serişdesiniň klinikadan öňki synaglaryň ähli tapgyrlaryndan geçendigini, häzirki wagtda meýletinçilerde kliniki synaglaryň birinji tapgyrynyň tamamlanandygyny habar berdi. Häzir şuňa meňzeş derman diňe ABŞ-da bar.

Tebigy mama keseli global sanjym maksatnamasy bilen bütin dünýäde ýeňmek başardan ýeke-täk ýokançdyr. Bu kesel bilen adamyň kesellemeginiň iň soňky hadysasy 1977-nji ýylda Somalide hasaba alyndy, 1980-nji ýylda bu keselden üstün çykylandygy resmi taýdan yglan edildi. Häzirki wagtda wirusy saklamaga we ony öwrenmäge diňe Russiýanyň “Wektor” merkeziniň we ABŞ-nyň Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkeziniň (Atlanta, Jorjiýa ştaty) hukugy bar.


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......