Şweýsariýada Pi sanyny hasaplamak boýunça dünýä rekordy goýuldy

  • 19.08.2021 16:29
  • 11k+

Graubýunden amaly ylymlarynyň ýokary mekdebiniň hünärmenleri Pi sanyny hasaplamak boýunça täze rekord goýdular: olar superkompýuteriň kömegi bilen oturdan soň 62,8 trilliondan gowrak sifri anyklamagy başardylar, bu mundan öňki dünýä rekordyndan 12,8 trillion sifr köpdür diýip, realnoevremya.ru habar berýär.

“Şenbe güni ir sagat 9:30-da Analitikanyň we modelirleme wizualizasiýasynyň maglumatlar merkeziniň (DAVIS) ýokary öndürijilikli kompýuteri oturdan soň 62 831 853 071 796 sifr bilen Pi sanyny hasaplamagy üstünlikli tamamlady. Şeýlelik bilen, goşmaça 12,8 trln sifr belli boldy we öňki 50 trln rekord täzelendi” – diýlip, habarda aýdylýar.

Pi-niň soňky on sifri şeýle: 7817924264.

DAVIS merkezindäki hasap işi üçin 108 gün we 9 sagat gerek boldy. Bu 2020-nji ýylda öňki rekordy goýmak üçin sarp edilen wagtdan ep-esli azdyr. Onuň awtory amerikaly Timoti Mýullikanyň hasap işine 303 gün gerek boldy.


düýn 17:37
2k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

düýn 08:02
2k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.4k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 22:30
2k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......