Pomidor bilen ýeralma kowumdaş bolup çykdy: olar baryp 9 mln ýyl ozal sapylypdyr

  • 04.08.2025 20:33
  • 12k+

Ýeralma bilen pomidoryň genetiki gelip çykyşy umumy bolup, olary sapylmagy, takmynan, 9 million ýyl ozal bolup geçipdir. Bu barada Xinhua agentligi halkara alymlar topary tarapyndan geçirilen gözlegiň netijelerine salgylanyp habar berýär.

Taslama Şençzhen şäherindäki Oba hojalyk genomikasy instituty, Hytaýyň Oba hojalyk ylymlary akademiýasy we Lançžou uniwersitetiniň alymlary gatnaşdy. Şeýle-de, barlaga Kanada bilen Beýik Britaniýadan alymlar hem goşuldy. Alymlaryň netijesine görä, takmynan 9 million ýyl mundan ozal pomidor bilen “ýeralma meňzeş ösümligiň” arasynda genetiki garyşyk bolup, netijede täze bir agzasy — köki (klubni) bolan gibrid emele gelipdir.
Hytaýly alymlaryň pikiriçe, ýeralmanyň köki genomyň gurluşynyň üýtgemegi netijesinde emele gelipdir. Olar bu ylmy açyşyň dünýäde giňden ýaýran we ýokary iýmit gymmaty bolan ýeralma üçin genetiki seçgi mümkinçilikleriniň täze gapylaryny açýandygyny belleýärler.
Barlagyň netijeleri Cell amerikan ylmy žurnalynyň soňky sanynda çap edildi.


şu gün 08:10
562

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

düýn 16:08
2.7k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
3.9k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......