Marsda uzynlygy 16 000 km bolan gadymy derýalaryň yzlary tapyldy

  • 04.08.2025 18:05
  • 7.9k+

Marsda umumy uzynlygy, takmynan, 10 müň mil (16 000 km töweregi) bolan gadymy suw ýollarynyň geologiki yzlary tapyldy. Tapylan çeşmeleriň ýaşynyň 3 milliard ýyldan geçýändigi çaklanylýar diýip, Marsdaky orbital apparatlardan alnan maglumatlara salgylanýan The Guardian habar berýär .

Derýalaryň yzlary Gyzyl Planetanyň ozal gurak we suw ýokdur öýdülýän günorta belentliklerinde bellige alyndy. Käbir hanalar birneme gysga, beýlekileri 160 kilometre çenli uzalyp gidýän giň torlary emele getirýär. Barlagçylar suwuň çeşmesi ýagan ýagyşlar ýa-da garlar bolup biler diýip hasaplaýarlar.

"Marsda suw ençeme gezekler tapyldy, ýöne hakykatdanam gyzykly zat, bu onuň bolandygynyň hiç bir alamaty ýok diýlip köpden bäri pikir edilýän  ýer bolmagydyr" diýip, Açyk uniwersitetiň aspiranty Adam Losekut aýtdy. "Bu sebitde suwuň bolandygyny gördük. <...> Bu derýalary şeýle giň meýdanda dolduryp biljek ýeke-täk suw çeşmesi haýsydyr bir sebitleýin ýagyş bolmaly" - diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Alymlary Marsyň günbatar ýarym şarynyň günorta böleginde Nuhuň Topragy diýilýän sebit hasam alada goýdy. Mars Reconnaissance Orbiter we Mars Global Surveyor apparatlarynyň kömegi bilen alnan ýokary çözgütli suratlarda derýanyň egrem-bugram gerişleri - çökündileriň gatylaşmagy netijesinde emele gelen gurluşlary we soňra olaryň töwereginiň köwülendigi görünýär.
Barlagçylar bu emele gelmeleriň takmynan 3,7 milliard ýyl ozal sebitde suwuň bolandygyny görkezýär diýip çaklaýarlar.


08.06.2026 16:45
3.5k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.2k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

08.06.2026 16:17
2.5k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 20:00
1.7k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....