Hytaýda baryp II asyrda oýlanyp tapylan dünýäde ilkinji seýsmograf dikeldildi

  • 04.08.2025 19:27
  • 6.2k+

Hytaýda Betbagtçylyklaryň öňüni alyş institutyndan Sýuý Goudunyň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary dünýäde ilkinji seýsmograf hasaplanýan gadymy enjamy dikeltdi. Bu barada Progress in Geophysics žurnalyna salgylanýan South China Morning Post ýazýar. 

Taryhy çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, takmynan, 2000 ýyl ozal hytaýly alym we oýlap tapyjy Çžan Hen “Houfen Didun I” atly enjamy döredipdir. Ol dürli taraplara gönügen sekiz aždarha kelleli bürünç gapdan ybarat. Her aždarhanyň agzynda bürünç şar, aşagynda bolsa agzyny açyp duran gurlawuk bar. Ýer yrananda şar zarbanyň ugruny görkezip aşak gaçypdyr.
Gadymy ýyl ýazgylarynda ýatlanylýandygyna garamazdan, köp hünärmenler bu enjamyň hakykatda bolandygyna we tehniki mümkinçiligine şübhelenýärdi. 2017-nji ýylda ol jedelli taryhy artefakt hökmünde Hytaýyň mekdepleriniň okuw kitaplaryndan aýryldy.
Şeýle-de bolsa, alymlar möhüm inženerçilik üstünligi hökmünde enjamyň ýagdaýyny dikeltmek kararyna geldiler.
Dikeldilen modelinde merkezi maýatnik, hereketi geçirýän L görnüşli leňňer we ähli elementleriň bir wagtda işlemeginiň öňüni alýan gulplama mehanizmi ulanyldy. Titreme bolanda maýatnik "aždarhalaryň" birini işjeňleşdirip, bir millimetr süýşýär. Beýlekileri bolsa sarsman durýar, bu taryhy düşündirişe laýyk gelýär: "Bir aždarha işlände, ýedisi dymýardy".
Hasaplamalar gurluşyň ýokary duýgurlygyny görkezdi. Ol bary-ýogy 0,5 millimetr amplitudaly ýertitremesine hem işjeňleşip biler.
Şuňa meňzeş seýsmograf Ýewropada diňe 1855-nji ýylda peýda bolupdy. Ony meşhur italýan fizigi we seýsmology Luiji Palmýeri oýlap tapdy.


şu gün 08:10
1.1k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

düýn 16:08
2.8k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
3.9k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......