Russiýaly alymlar ýalany 92% takyklyk bilen kesgitlemek üçin algoritm döretdiler

  • 04.08.2025 18:12
  • 3.3k+

Russiýaly alymlar sözdäki ýalany 92% takyklyk bilen kesgitlemegiň usulyny tapandyklaryny habar berdiler. Bu barada Nižniý Nowgoroddaky “Ýokary ykdysadyýet mekdebi” ylmy-barlag uniwersitetiniň (НИУ ВШЭ) barlagçylaryna salgylanýan TASS habar berýär.

Algoritm ýüz keşbi, sözleýiş äheňini, dil baýlygyny, sintaksisi we yşaratlary öz içine alýan 32 alamaty seljerýär. Synag wersiýasy dildäki detallara, geplenýän wagtyndaky säginmelere we ýüzüň ýokarky böleginiň mimikasyna baha bermek bilen, 10-dan gowrak usuly birleşdirýär.

"Bu usullar aragatnaşygyň dürli derejelerini öz içine almak bilen, biri-biriniň üstüni ýetirýär. Biz olary birleşdirýäris, bu bolsa anyklaýşyň takyklygyny we netijeleriň dogrulygyny ýokarlandyrýar" - diýip, barlaga gatnaşyjylaryň biri Anna Homenko belledi.

Synag üçin alymlar 20 adamyň çyn we ýalan maglumatlary aýdýan sözlerini 3,5 sagatlap wideo ýazga aldylar. Netijeler, takyklygy 92%-e çenli bolan türgenleşik  nusgasynda usulyň ygtybarlylygyny görkezdi. Semantik aýratynlyklar, ýüzüň myşsalarynyň hereketleri we gürrüňindäki detallaryň sany esasy aýratynlyklar boldy. Homenkonyň sözlerine görä, teleşüweleňlerde öwredilen we 88% takyklygy bilen işleýän daşary ýurt algoritmlerinden tapawutlylykda, rus usuly tebigy maglumatlara daýanýar.
Işläp düzüjiler dili, ýüz keşbini we yşaratlary awtomatiki derňemek üçin maşyn öwredilişini ulanmak arkaly programma-apparat üpjünçiligi toplumyny döretmegi meýilleşdirýärler. Awtorlaryň pikirine görä, tehnologiýa psihologiýada, adam resurslaryny öwrenmekde we kriminalistikada ulanylyp bilner.


düýn 17:37
1.8k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

düýn 08:02
1.9k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.4k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 22:30
1.9k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......