BSGG COVID-19 barlagy üçin Türkmenistana täze barlaghana enjamlaryny getirdi

  • 15.08.2021 09:30
  • 14k+

BSSG türkmen lukmanlarynyň COVID-19 koronawirus ýokançlygyny anyklamak mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam etjek täze barlaghana enjamlaryny Türkmenistana getirdi.

BSGG-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, enjamlar pandemiýa hem-de onuň täsirlerine, hususan-da, täze ştamlarynyň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça BSGG-niň Türkmenistandaky edarasynyň ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlygynyň çäklerinde getirildi.

Getirilen enjamlaryň hatarynda — COVID-19-y anyklamak üçin serişdeler hem-de iki sany Rotor-Gene enjamy bar. Bu enjam hem koronawirusy barlamak üçin ulanylýar. Enjamlar Polimeraz zynjyr reaksiýasy (PZR) barlaglary geçirilýän sebit barlaghanalarynda oturdylar.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen hyzmatdaşlykda, global pandemiýa başlaly bäri Türkmenistana umumy bahasy 2,8 million dollar bolan enjamlar getirildi.

Belläp geçsek, bu çäreler Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan BMG guramalary bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzülen maksatnamanyň çäginde durmuşa geçirilýär.


15.06.2026 12:32
5.6k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

18.05.2026 14:46
5k+

BSGG Afrikadaky Ebola keseli sebäpli halkara derejeli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda we Ugandada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyny jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý diýip......

10.05.2026 18:46
4.3k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....