Türkmenistanyň birža söwdalarynda geleşikleriň bahasy 109 mln dollardan geçdi

  • 10.08.2021 08:33
  • 4k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 115-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň, Gonkongyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, awtobenzini, suwuklandyrylan gazy, gyzdyrylan nebit koksuny, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, az kükürtli mazuty satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurtly işewürler “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, ECO-93 kysymly awtobenzini, kükürtden arassalanan dizel fraksiýasyny satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Russiýa Federasiýasynyň, BAE-niň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň telekeçilerine nah ýüplük, jinsi matalary, haly önümleri, float aýna, portlandsement ýerlenildi. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 109 million 678 müň dollaryndan gowrak boldy. Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gonkongyň we Owganystanyň işewürleri nah ýüplügi we haly önümlerini satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy 3 million 604 müň manatdan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 1 million 209 müň manatlykdan gowrak pagta süýümini satyn aldylar.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......