Türkmen-täjik gepleşiklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow täze teklipleri öňe sürdi

  • 05.08.2021 11:41
  • 7.6k+

Türkmen-täjik gepleşikleriniň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Täjigistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň giňeldilmegine hem-de hil taýdan ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, Täjigistana möhüm hem-de geljegi uly hyzmatdaş hökmünde garalýar.

Şu ýyl ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň belli bir derejede ösendigine garamazdan, umuman, biziň ýurtlarymyzyň söwda-ykdysady mümkinçiliginiň islenilýän derejä laýyk gelmeýär. Soňky wagtlarda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň depginleriniň peselmegine uly sebäpleriň, anyk häsiýetli kynçylyklaryň, häzirki döwürde dünýädäki maliýe-ykdysady meseleleriň, şeýle hem koronawirus pandemiýasynyň sebitdäki ykdysady ýagdaýlara, şol sanda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda-ykdysady we üstaşyr ulag gatnaşyklaryna ýaramaz täsiriniň bolandygy aýdyňdyr diýip, türkmen Lideri aýtdy. Şoňa görä-de, şu babatda işleriň emele gelen ýagdaýlaryna bilelikde düýpli we anyk seljerme geçirmegiň, doly derejeli hereket etmäge zyýan berýän päsgelçilikleri ýüze çykarmagyň hem-de aradan aýyrmagyň, mümkinçilikleriň doly derejede peýdalanylyp bilinjek anyk ugurlaryny kesgitlemegiň zerurdygy nygtaldy.
Şeýle hem işewür jemgyýetçiligiň ugry boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň derejesini ep-esli ýokarlandyrmagyň, telekeçileriň arasynda yzygiderli gatnaşyklary guramagyň, haryt öndürijileriň bilelikdäki sergilerini, ykdysady forumlary hem-de ykdysady häsiýetli beýleki bilelikdäki çäreleri geçirmegiň zerurdygy beýan edildi. Türkmen Lideri birnäçe anyk başlangyçlary öňe sürüp, türkmen we täjik kompaniýalarynyň iki ýurduň çäklerinde amala aşyrylýan bilelikdäki maýa goýum taslamalaryna gatnaşmagyna döwlet tarapyndan goldaw bermek, iki ýurduň hojalyk edaralaryny özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek işine has giňden çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň hem-de Täjigistan Respublikasynyň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça Işewürler geňeşini döretmek mümkinçiligini öwrenmegi teklip etdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow ulag ulgamyny ösdürmek barada aýdyp,  ýollary has doly peýdalanmak üçin Türkmenistanyň çäklerini ulanmak arkaly Täjigistana hem-de Täjigistandan ýükleri ýerüsti ugratmak boýunça ýeňilleşdirmeleri girizmek baradaky meseläni jogapkär edaralara öwrenmegi tabşyrmagyň maksada laýykdygy barada hem aýtdy. Mundan başga-da, täjirçilik bähbitlerini nazarda tutup, iki döwletiň arasynda göni ýa-da üstaşyr howa gatnawlaryny ýola goýmak boýunça gepleşikleri täzeden dikeltmegiň mümkinçiliklerine hem garamak teklip edildi.
Şeýle hem amatly şertler bolanda, 2022-nji ýylda Türkmenistanda Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günlerini guramagyň mümkinçiligine garamak teklip edildi. Gurbanguly Berdimuhamedow bilim ulgamynda yzygiderli amala aşyrylýan hyzmatdaşlyk barada aýdyp, Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň esasy ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy merkezleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyklara gol çekmek derejesine ýetmek bilen, göni aragatnaşyklary işjeňleşdirmegi, arheologiýa hem-de etnografiýa ulgamynda, Türkmenistanyň we Täjigistanyň çäklerinde ýerleşýän taryhy ýadygärlikleri wagyz etmek boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň mümkin bolan bilelikdäki maksatnamalary barada oýlanyşmagy teklip etdi.


şu gün 01:14
1.4k+

Esen Aýdogdyýew ABŞ-nyň Döwlet departamentinde ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky täze bellenen ilçisi Esen Aýdogdyýew ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Protokol gullugynyň ýolbaşçysy Monika Kroula ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Bu......

düýn 23:44
762

Seulda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk meseleleri ylalaşyldy

Türkmen wekiliýeti Koreýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde 10-njy aprelde Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna......

düýn 23:42
333

Türkmenistan wideoaragatnaşyk arkaly ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

10-njy aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen ÝUNESKO-nyň Almatydaky Sebitleýin edarasynyň direktory Amir Piriçiň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Bu......

düýn 23:38
2.2k+

Türkmenistanyň Mejlisi birnäçe täze kanun taslamalaryny kabul etmäge taýýarlanýar

10-njy aprelde Lebap welaýatynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanyna......