Türkmenistanyň we Täjigistanyň Prezidentleri Owganystandaky ýagdaýlar barada pikirlerini beýan etdiler

  • 05.08.2021 11:00
  • 14k+

Häzir Türkmenistanyň we Täjigistanyň gatnaşyklary Merkezi Aziýa giňişliginde durnuklylygy saklamak hem-de netijeli ösüş ýagdaýlar babatda esasy ugry emele getirýär diýip, Emomali Rahmon bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda türkmen Lideri aýtdy hem-de iki ýurduň ýörelgeleriniň üýtgewsizdigini we yzygiderlidigini belledi. Döwlet Baştutany Owganystandaky ýagdaýlaryň häzirki gepleşikleriň aýratyn meselesidigine ünsi çekdi. Häzir daşary ýurtlaryň harby bölümleriniň Owganystandan çykarylmagy bilen baglylykda, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň gatnaşmagynda netijeli syýasy-diplomatik gurallary döretmek baradaky mesele aýratyn möhümdir.

Türkmenistan hem-de Täjigistan Respublikasy Merkezi Aziýanyň parahat we durnukly ösüşini, jedelli ýagdaýlara ýol berilmezligini, bar bolan hemme meseleleriň syýasy-diplomatik ýollar bilen çözülmegini, hoşniýetli goňşuçylygyň pugtalandyrylmagyny, özara bähbitleriň halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna hem-de BMG-niň Tertipnamasyna daýanmak arkaly berjaý edilmegini we nazara alynmagyny üpjün edip biljek berk hem-de oňyn gurallaryň döredilmegi ugrunda çykyş edýärler.
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine ýardam bermek, dawaly ýagdaýlaryň öňüni almak boýunça netijeli gurallary döretmek, syýasy geňeşmeler görnüşinde sebit gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça başlangyçlary goldamak möhüm wezipe hökmünde görülýär. Türkmen Lideri Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň netijelidigine aýratyn ünsi çekip, syýasy gepleşikleriň şeýle görnüşiniň bäş döwletiň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynda täze tapgyry alamatlandyrýandygyny nygtady. Ol durnukly ösüş, köptaraply gatnaşyklaryň netijeli usullaryny ýola goýmak, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda giň halkara hyzmatdaşlyk üçin özüne çekiji sebit hökmünde Merkezi Aziýanyň dünýä möçberindäki ýagdaýlara goşulyşmagynyň örän möhüm we ähmiýetli usullaryny kemala getirmek üçin zerur şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir.
Owganystan meselesinde Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň eýeleýän orny örän ähmiýetlidir we gymmatlydyr, bu ugurda ulgamlaýyn syýasy gepleşikleri alyp barmak maksady bilen, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmak maksadalaýyk bolar. Munuň özi häzirki wagtda, Owganystanda harby-syýasy ýagdaýlar ýitileşen döwründe aýratyn möhümdir.
Umuman, biz Owganystan bilen bagly meseleleriň çözülmeginde sebitdäki ýagdaýlaryň güýçlendirilmeginiň, ýagny Owganystanyň gönüden-göni goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklarynyň zerurdygyna ynanýarys. Türkmenistan sebitde örän wajyp durmuş-ykdysady taslamalaryň amala aşyrylmagyna uly ähmiýet berýär. Ýurtlarymyzyň bar bolan mümkinçiliklerini hem-de çäk taýdan amatly ýerleşişini nazarda tutup, şol işlere Türkmenistanyň we Täjigistanyň has işjeň hem-de anyk gatnaşmagyny zerur hasaplaýarys diýip, döwlet Baştutany aýtdy.


11.05.2026 22:55
970

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

03.05.2026 12:23
8.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......