Türkmen-täjik gepleşikleriniň gün tertibinde haýsy meselelere garaldy?

  • 05.08.2021 10:46
  • 10k+

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, 4-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda ähli ugurlarda, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda däbe öwrülen türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şol ugurlarda özara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy.

Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, Türkmenistan Täjigistan bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär, ýokary derejedäki şu günki ikitaraplaýyn taryhy duşuşygyň döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirildi. Şol gatnaşyklar iki doganlyk halkyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, umumy taryhy köklerine hem-de ruhy-medeni gymmatlyklaryna esaslanandyr. Gurbanguly Berdimuhamedow täjik Lideriniň saparynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy bilen gabat gelendigini aýdyp, Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň sebit we dünýä syýasatynyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň meňzeşdigini, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek işinde tagallalaryny birleşdirýändigini belledi. Bu duşuşygyň gün tertibine sebiti ösdürmek, hususan-da, häzir hemmeleri biynjalyk edýän Owganystandaky ýagdaý bilen bagly meseleler girizildi.
Prezident Emomali Rahmon döwrebap, sazlaşykly ösýän Türkmenistanyň, Merkezi Aziýa sebitiniň merjeni diýlip ykrar edilen, tanalmaz derejede özgeren türkmen paýtagtynyň hem-de iri şäherleriniň, hususan-da, Mary şäheriniň ösüşine haýran galandygyny aýdyp, täjik halkynyň türkmen doganlarynyň gazanýan üstünliklerine, Türkmenistanyň ykdysady taýdan ösüşine, ençeme durmuş meseleleriniň oňyn çözülmegine buýsanýandygyny nygtady.
Söhbetdeşler dostlukly, ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň barşynda iki ýurduň eýe bolan mümkinçilikleriniň hem-de durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň esasy ugurlaryny nazara almak bilen, ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar. Iki döwletiň Baştutanlary Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň Prezidentleri özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.
Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga geçmezden öňürti, ýokary derejeli myhmany 2020-nji ýylyň noýabrynda geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen ýene-de bir gezek gutlap, Emomali Rahmonyň şu saparynyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlananyndan soň, biziň ýurdumyza ilkinji döwlet sapary bolmagynyň özboluşly manysynyň bardygyny belledi.
Türkmen Lideri gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak üçin sebit görnüşindäki gurama hökmünde şu ýyl Türkmenistanyň başlyklyk edýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyny (YHG) belläp geçip, Täjigistanyň ýylyň dowamynda meýilleşdirilen çärelere, şol sanda şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilmegi göz öňünde tutulýan YHG-niň 15-nji nobatdaky sammitine işjeň gatnaşjakdygyna ynam bildirdi.


düýn 19:17
4.8k+

Türkmenistan Astanadaky sammitde ekologik sebit merkezlerini döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň paýtagty Astanada «Durnukly geljek barada umumy garaýyş» mowzugy astynda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammitinde (RES 2026) çykyş etdi. Bu barada......

düýn 17:31
2.3k+

Astanada «RES 2026 EXPO» halkara sergisi öz işine başlady

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Gazagystanyň paýtagtynda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammiti öz işine başlady. Bu sammitiň çäklerinde Astananyň «EXPO»......

düýn 14:43
7.1k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherindäki gurluşyk işlerine nägilelik bildirdi

Arkadag şäherinde geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginine we......

düýn 11:57
5.3k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitine we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň......