Türkmen telekeçileri önümlerini daşary ýurtlara nädip hödürläp biler

  • 31.07.2021 02:07
  • 20385
Türkmen telekeçileri önümlerini daşary ýurtlara nädip hödürläp biler

Häzirki zaman telekeçilik işinde netijeliligiň esasy görkezijileriň biri hem eksport görkezijisidir. Harytlary ýa-da hyzmatlary beýleki ýurtlara satmagy aňladýan eksport düşünjesi Türkmenistan döwletimiziň daşary ykdysady, işewür gatnaşyklarynda ýörgünli düşünjeleriň birine öwrüldi. Bu günki gün türkmen telekeçileri daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan, şeýle hem eksporta gönükdirilen önümçiligi ýola goýmakda uly üstünlikleri gazanýarlar. Munuň üçin Türkmenistanda degişli kanunçylyk binýady hereket edýär.

Türkmen hususy önüm öndürijileri bu günki gün dünýäde uly islegden peýdalanýan ýokary hilli önümleri öndürýärler. Bu önümler hil taýdan hem elýeterlilik babatda dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniňkiden birjik-de pes däldir. Emma ýokary hilli önümleri öndürmek bilen bir hatarda, şol önümleri daşary ýurt bazarlaryna hödürlemek, daşary ýurtly alyjylara Türkmenistandan gözleýän harydyny aňsat tapmagyny ýola goýmak meselesi hem ör boýnuna galýar. TmCars.info önümlerini daşary ýurt bazarlaryna çykarmak isleýän telekeçilere maslahat hökmünde TurkmenExporters.com.tm portaly barada gürrüň berýär.

B2B platforma barada
B2B adalgasy köpimize tanyş bolsa gerek. Alibaba.com, Made-in-China.com, Indiamart.com, Azexport.az we turkishexporter.com.tr ýaly marketpleýsler, ýagny işewürligi alyp barmak üçin portaly hödürleýän platformalar häzirki wagtda dünýäde öňdebaryjy orunlary eýeleýärler. B2B (Business to Business) ýagny, işewür wekilleriň arasyndaky söwdany aňladýan işewürligiň bu görnüşini «Türkmen Eksport, Import & Söwda Hyzmatlary» Hususy Kärhanasy türkmen telekeçileri üçin elýeterli etdi.

TurkmenExporters.com.tm portaly türkmen telekeçilerine näme peýda getirip biler?
TurkmenExporters.com.tm web portaly türkmen telekeçileriniň önümlerini daşary ýurtly alyjylara hödürlemek üçin niýetlenen portaldyr. «Made in Turkmenistan» haryt nyşanly önümleri dünýä bazaryna çykarmak isleýän telekeçiler köplenç munuň ygtybarly hem dogry ýoluny bilmän biler.

Öz harydy üçin alyjyny nireden gözlemeli? Öz harytlaryny ýa-da hyzmatlaryny daşary ýurtly alyjylar aňsatlyk bilen tapar ýaly näme etmeli?

GOOGLE gözleg ulgamynda ilkinji bolup çykýar
TurkmenExporters.com.tm telekeçileriň öz önümlerini ýerleşdirmegi üçin ýörite portalyny hödürleýär. Şertnama baglaşmak arkaly önümlerini bu portalda ýerleşdiren telekeçiler daşary ýurtly alyjylar tarapyndan Türkmenistanyň eksport ugurly harytlary Google-den gözleg edilende ilki bilen TurkmenExporters.com.tm portalynyň çykýandygyny bilmeli. Daşary ýurtly potensial alyjy Türkmenistandaky hususy telekeçileriň hödürleýän hyzmatlaryny we önümlerini bir platformada gözden geçirip biler.

Portal 4 dilde hereket edýär
Portalyň 4 dilde — iňlis, türkmen, türk, rus dillerinde hereket etmegi daşary ýurtly alyjynyň maglumat almagyny has-da ýeňilleşdirýär.

Pudaklaryň ählisi bar
Azyk önümleri, hojalyk harytlary, dokma önümleri, gurluşyk materiallary, ulag-logistika, hukuk-maslahat beriş, syýahatçylyk hyzmatlary... — umuman, daşary ýurtly alyjy türkmen telekeçileriniň önümleriniň giň toplumyny aňsatlyk bilen gözden geçirip biler.

Wagt, serişde tygşytlanýar
Telekeçiler kärhanalary üçin aýratyn web saýt açmak, olary yzygiderli täzeläp durmak üçin serişde sarp etmeli bolýar. Galyberse-de, daşary ýurtly alyjy üçin saýtlaryň ýüzlerçesine girip, özüne gerek bolan harydy gözlemek aňsat düşmez. Oňa derek ähli kärhanalaryň saýtyny bir platformada jemlemeklik iki tarap üçin hem netijeli bolup biler.

TurkmenExporters.com.tm portaly nähili hereket edýär?
Bu portal hususy telekeçi bilen baglaşylan şertnama esasynda kärhana barada maglumatlary

  • doly adyny, esaslandyrylan senesini, guramaçylyk hukuk görnüşini, iş ugruny, eýeçiligini, esasy önümlerini, hukuk salgysyny;
  • önümleri barada giňişleýin maglumatlaryny (görnüşini, ýaramlylyk möhletini)
  • sargydyň iň az mukdaryny;
  • kuwwatlylygyny, töleg şertlerini;
  • ugratmak möhletini beýan edýär.

TurkmenExporters.com.tm ýörite şertnama esasynda hususy telekeçi bilen ylalaşylyp, barlanylyp alnan maglmatlary portala ýerleşdirýär. Netijede daşary ýurtly alyjy özüne gerek harydy sargyt edip, degişli talapnamany gönüden-göni kärhananyň satyş menejerine ugradýar. Portalda kärhananyň satyş menejeriniň maglumatlary (ady, telefon belgileri, kärhananyň salgysy, elektron salgysy) hem görkezilýär.
Eger-de käbir sebäp bilen alyjy kärhananyň wekili bilen habarlaşyp bilmedik ýagdaýynda, onda ol TurkmenExporters.com.tm portalynda gije-gündizleýin hereket edýän sowal-jogap çatyna ýazyp biler. Bu ýagdaýda portalyň hünärmenleri ýerli kärhana bilen habarlaşyp, olary mümkin bolan alyjy bilen duşurmaga kömek eder.
2016-njy ýylda işlenilip düzülen we 2017-nji ýylyň 01-nji ýanwaryndan ulanyşa girizilen TurkmenExporters.com.tm web portaly türkmen önümlerini we önüm öndürijilerini halkara işewürlik jemgyýetine tanatmakda häzirki wagtda Türkmenistanyň öňdebaryjy eksport söwda platformasy bolup durýar.
Platforma Türkmenistanyň önümleri we önüm öndürijileri barada ýeke-täk maglumat binýadyny döretmegi, harytlary we hyzmatlary gözlemekde hem-de satyn almakda, satyjy we alyjynyň arasyndaky işjeň aragatnaşyklary ösdürmäge ýardam bermegi maksat edinýär.

Platforma barada doly maglumaty şu salgydan alyp bilersiňiz.


11.06.2024 14:13
10577

Türkmenistanda zenan telekeçileriň biznes başarnyklaryny ösdürmek boýunça AWE maksatnamasy tamamlandy

Aşgabatda Türkmenistanda ilkinji gezek amala aşyrylan “Zenan telekeçiler akademiýasy” (AWE) maksatnamasynyň jemi jemlendi. Mart aýynda işe girizilen we Ykdysatçylar birleşmesi bilen hyzmatdyşlykda ABŞ-nyň Türkmenistandaky...

25.05.2024 09:17
5824

Türkmenistanyň Stambuldaky Baş konsuly türk işewürleri bilen duşuşdy

24-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki Baş konsuly M.Öwezow Türki Dünýäsiniň işewürleri Assosiasiýasynyň (TÜRKGİAD) ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Bu barada TmCars-a Türkmenistanyň Stambuldaky diplomatik wekilhanasynda...

06.05.2024 15:24
26263

TSTB-niň wekiliýeti Owganystanyň Hyrat şäherine baryp gördi

4-nji maýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Nökerguly Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Owganystanyň Hyrat şäherine sapar bilen bardy. Bu barada Pajhok habar berdi. Saparyň...

04.04.2024 15:49
11586

Aşgabatda telekeçilikde gümrük düzgünlerine degişli 12 sagatlyk hünär okuwlary guralýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Telekeçiler mekdebi” Aşgabat şäherinde telekeçiler üçin täze "Telekeçilikde gümrük işleriniň esaslary” hünär okuwyny guraýar. 12 sagatlyk bu hünär okuwynyň...