Otly arkaly Hytaýdan Merkezi Aziýa ýurtlaryna elektrik enjamlary getiriler

  • 31.07.2021 01:26
  • 8.4k+

Elektrik enjamlar ýüklenen harytlyk demir ýol otlusy penşenbe güni Hytaýyň Çžeszýan welaýatynyň Szinhua şäherinden Merkezi Aziýa ýurtlaryna tarap ugur aldy diýip, Sinhua agentligi habar berýär.

Agentligiň habar bermegine görä, elektrik enjamlar ýüklenen ýük otlusy bu ugur boýunça ilkinji gezek iberildi. Otly Gazagystana, Özbegistana, Gyrgyzystana, Täjigistana we Türkmenistana elektrik burawlary, nurbat açarlary we beýleki elektrik enjamlary ýerleşdirilen 100 sany konteýneri getirer.
Hytaý-Ýewropa demir ýol gatnamasynyň çäklerinde bu otly 2017-nji ýylyň awgustynda Szinhua şäherinden ugur alyp başlap, yzyna gelýän otly gatnatmalarynda hasap boýunça müňünji gatnaw boldy.
Bu ugur boýunça demir ýol gatnawlary 10-dan gowrak ýurtdan, şol sanda Fransiýadan, Wengriýadan, Russiýadan, Belarusdan, Azerbaýjandan we Merkezi Aziýa ýurtlaryndan 120-den gowrak şäheri baglanyşdyrýar.


düýn 16:06
961

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......

23.04.2026 10:49
3.8k+

AHHG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde möhüm resminamalara gol çekildi

Astanada geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde sebit we ekologiýa howpsuzlygy, Aral deňzini halas etmek we bu ugurda netijeli......

23.04.2026 10:45
3.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti Astanada Aral meselesi boýunça geçirilen mejlise gatnaşdy

22-nji aprelde Astanada geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitinden soň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň......

23.04.2026 10:39
2.7k+

Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitinde anyk başlangyçlary öňe sürdi

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Astana şäheriniň Kongresler merkezinde «Durnukly geljek boýunça umumy garaýyş» atly Sebitleýin ekologiýa sammitiniň (RES 2026) plenar mejlisi geçirildi. Sammitiň gün tertibine......