Türkmen-täjik hökümetara toparynyň indiki mejlisi 2022-nji ýylda Aşgabatda geçiriler

  • 29.07.2021 08:20
  • 3.2k+

28-nji iýulda Duşanbe şäherinde Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň onunjy mejlisi geçirildi. Toparyň türkmen bölegine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow, täjik tarapyna bolsa – Täjigistan Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministri Juma Daler Şofakir ýolbaşçylyk etdiler. Bu barada TDIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Mejlisiň barşynda taraplar türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp geçdiler we ýokary döwlet derejesindäki birek-birege ynanyşmak häsiýete eýe bolan özara hereketleriň onuň ösdürilmegine oňyn itergi berýändigini nygtadylar. Duşuşyga gatnaşyjylar Toparyň 2019-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen soňky mejlisiniň çözgütlerine laýyklykda bilelikdäki işleriň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar. 
Söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň ýagdaýyna seljerme berildi. Wekiliýetler Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Söwda-senagat edaralarynyň arasyndaky özara hereketleriň ulgamlaýynlygyny kanagatlanma bilen belläp geçdiler.Taraplar eksport-import amallarynyň gowulandyrylmagy, özara üpjün edilýän harytlaryň we hyzmatlaryň göwrüminiň artdyrylmagy bilen birlikde söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamyndaky gatnaşyklaryň has hem giňeldilmegine itergi berýän şertlerleriň kämilleşdirilmegine gönükdirilen işleriň güýçlendirilmeginiň zerurlygyny nygtadylar. 
Mejlise gatnaşyjylar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň işewürlik düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki forumlary, ýarmarkalary we maslahatlary guramaga gyzyklanma bildirildi. 
Gepleşikleriň jemleri boýunça taraplar Toparyň onunjy mejlisiniň teswirnamasyna gol çekdiler. Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň on birinji mejlisiniň 2022-nji ýylda Aşgabatda geçirilmegi kesgitlenildi.


şu gün 15:39
434

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.9k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.7k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....