Ýewrostat türkmen nebit önümleriniň importunyň möçberini belli etdi

  • 26.07.2021 16:58
  • 7.7k+

2021-nji ýylyň mart aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary Türkmenistandan 12028 tonna nebit ýaglaryny we bitum minerallaryndan alnan ýaglary (çig nebitden başga), şeýle-de 70 göterim nebit ýaglaryny ýa-da bitum minerallaryndan alnan ýaglary saklaýan serişdeleri import etdiler diýip, Ýewrostata salgylanyp Trend habar berýär. 

Ýokarda agzalan importyň bahasy 4,7 mln ýewro ýetdi.
Şol bir wagtyň özünde, 2021-nji ýylyň fewral aýynda ýokarda agzalan önümleriň importynyň möçberi 57 678 tonna (21,7 mln ýewro), ýanwar aýynda 22 362 tonna (7,935 mln ýewro) barabar boldy.
Şeýle-de, ÝB ýurtlary tarapyndan nebit ýaglarynyň we bitum minerallaryndan alnan ýaglaryň, şeýle hem 70 göterim nebit ýaglaryny ýa-da bitum minerallaryndan (çig nebitden başga) alnan ýaglary saklaýan serişdeleriň importy 2020-nji ýylda 2,3 mln ýewro umumy baha bilen 4 921 tonna barabar boldy.
Ýatlap geçsek, ÝB ýurtlary 2020-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Türkmenistandan 270900 tonna nebit önümlerini we gazylyp alynýan peýdaly bitum minerallaryndan we çig nebitden alnan ýaglary import etdiler.
Mundan başga-da, hasabat döwründe Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary tarapyndan Türkmenistandan 271 tonna nebitden we bitum minerallaryndan (çig nebiti hasaba almazdan) alnan ýaglar, şeýle-de 70 göterim we ondan hem köp bitum minerallaryndan we nebitden alnan ýaglary saklaýan serişdeler import edildi.
Şeýle-de, Türkmenistandan 271,1 tonna nebit gazy we beýleki gaz görnüşli uglewodorodlar eksport edildi.


23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

17.06.2026 11:27
2.4k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

05.06.2026 15:42
3.5k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......

02.06.2026 21:16
6k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......