Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna taýýarlyk boýunça iş maslahaty geçirildi

  • 23.07.2021 09:46
  • 7k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, käbir ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň barşynda halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny ösdürmek boýunça şu ýyl üçin bellenilen meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi, döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak, ähli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Iş maslahatynda şanly seneleri mynasyp garşylamak ugrunda alnyp barylýan taýýarlyk işleriniň çäklerinde ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, birnäçe ugurlar boýunça kanun taslamalaryny taýýarlamak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň dowamynda dürli düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, önümçilik toplumlaryna öňdebaryjy tejribäni, innowasion tehnologiýalary we sanly ulgamlary ornaşdyrmagyň wajypdygy barada gürrüň edildi hem-de ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly işleriň barşy barada hasabatlar diňlenildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň bu şanly senäni mynasyp garşylamak ugrunda alyp barýan işleri, guraljak dabaraly harby ýörişe taýýarlygyň derejesi barada habar berildi.
Döwlet Baştutany bu şanly senäni mynasyp dabaralandyrmakda obasenagat toplumynyň düzümlerine möhüm ornuň degişlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, içerki bazaryň azyk we beýleki ilkinji nobatdaky zerur harytlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, halkymyzyň baýramçylyk saçaklarynyň bereketli bolmagyny gazanmak meseleleriniň wajypdygyna üns çekildi. Döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy mynasybetli geçirilýän döwlet we medeni-köpçülik çäreleri, baýramçylyk dabaralary baradaky hasabatlary diňläp, Türkmenistanyň Prezidenti degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.8k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.9k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
4k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......