Messi Instagramda «laýklar» boýunça Ronaldunyň rekordyny täzeledi

  • 20.07.2021 10:20
  • 13k+

Argentinanyň milli ýygyndysynyň we «Barselonanyň» hüjümçisi Lionel Messi türgenleriň arasynda Instagramda bir surat üçin goýlan «laýklaryň» («haladymlaryň») sany boýunça rekordy täzeledi. Messiniň Argentinanyň ýaryşda ýeňşinden soň Amerikanyň Kubogy bilen düşen suraty 20 071 038 «laýk» aldy. Bu türgenleriň arasynda “laýklar” boýunça sosial ulgamyň rekordydyr we Instagramda häzire çenli “laýklaryň” sany boýunça 6-njy postdyr. Bu barada sport-express.ru habar berýär.

Mundan öňki rekord Kriştianu Ronaldu degişlidi, onuň 2020-nji ýylyň 25-nji noýabrynda aradan çykan Diego Maradona bagyşlanan posty 19 836 885 “laýk” aldy.
Argentinanyň milli ýygyndysy 11-nji iýulda finalda Braziliýany 1-0 hasabynda ýeňip, Amerikanyň Kubogyny aldy. Final duşuşygy Rio-de-Žaneýronyň “Marakana” stadionynda geçirildi. Messi milli ýygyndynyň düzüminde ilkinji uly baýragy aldy.
Amerikanyň Kubogy – 2021-de Messi ýedi oýunda dört gol girizdi we ýaryşyň iň gowy bombardiri adyny kolumbiýaly Luis Dias bilen paýlaşdy.


düýn 23:02
1.2k+

Romano: «Žirona» ter Ştegeni kärendesine alýar, «Mançester Siti» Mark Gehi bilen şertnama baglaşdy

«Barselonanyň» germaniýaly derwezebany Mark-Andre ter Ştegen ýakyn wagtda «Žironanyň» oýunçysy bolar. Taraplar häzir oýunçyny kärendesine almak boýunça şertnamany ylalaşmagyň ahyrky tapgyrynda diýip, insaýder Fabrisio Romano X sosial ulgamynda habar berdi...

15.01.2026 22:30
9.2k+

«Barselona» ikinji gezek Kanseluny, «Aýaks» Ibragimowiçiň ogluny kärendesine aldy

Ýewropa futbolynda gyşky transfer penjiresi eýýäm birnäçe gyzykly transferlere getirdi. Klublar möwsümiň ahyrky bölegine taýýarlanmak bilen, işjeň ýagdaýda öz düzümlerini güýçlendirýär. «Barselona» öz resmi saýtynda gyraky goragçy Žoau Kanseluny möwsümiň ahyryna çenli kärendesine alandygy barada habar berdi...

14.01.2026 09:35
6.6k+

Messi we Ronaldu ilkinji gezek EA Sports FC-de «Ýylyň toparyna» goşulmady

16-njy ýanwarda EA Sports FC 26 oýnunda 2025-nji ýylyň iň gowy futbolçylaryna bagyşlanan «Ýylyň topary» ady bilen uly oýun wakasy başlar. Ultimate Team režiminde geçen 12 aýyň dowamynda futbolda has tapawutlanan meşhur oýunçylaryň täze kartoçkalary peýda bolar...

13.01.2026 09:36
11k+

«Real» "Barselonadan" utulan gününiň ertesi Alonsony işden çykardy. Topara Arbeloa tälimçi bellendi

Alwaro Arbeloa Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellendi. 42 ýaşly hünärmen 12-nji ýanwarda klubdan giden Habi Alonsonyň ornuny çalyşdy. Ozal Arbeloa «Realyň» ýaşlar toparlary bilen işledi. Maýda bolsa «Kastilýanyň» tälimçisi boldy...