Argentina 1993-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Amerikanyň Kubogyny aldy

  • 11.07.2021 08:17
  • 7.3k+

Argentina futbol boýunça Amerikanyň Kubogynyň final oýnunda Braziliýanyň milli ýygyndysyny 1:0 hasabynda utdy. Turnir Braziliýada geçirildi, aýgytlaýjy duşuşyk Rio-de-Žaneýrodaky “Marakana” stadionynda geçirildi.

Oýnuň 22-nji minudynda Anhel di Mariýa gol girizdi. 
Argentinanyň we Braziliýanyň milli ýygyndy toparlary Amerikanyň Kubogynda biri-biri bilen 34-nji duşuşygy geçirdiler. Argentinalylaryň hasabynda 16 ýeňiş, braziliýalylaryň hasabynda 10 ýeňiş bar, sekiz duşuşyk bolsa deňme-deňlikde tamamlandy. Argentinanyň milli ýygyndysy soňky alty oýunda ilkinji gezek Amerikanyň Kubogynda braziliýalylary ýeňdi – geçen bäş oýun braziliýalylaryň ýeňşi bilen tamamlanypdy.
Argentina topary Amerikanyň Kubogyny 15-nji gezek aldy we bu görkeziji boýunça ýaryşyň rekordçysy bolan Urugwaýyň milli ýygyndysy bilen deňleşdi. Soňky gezek argentinalylar bu baýragy 1993-nji ýylda alypdylar. Braziliýanyň milli ýygyndysy ýaryşda dokuz gezek ýeňiji boldy. 
Üçünji orun üçin oýunda Kolumbiýa topary Perunyň milli ýygyndysyny 3-2 hasabynda utdy. 2024-nji ýylda ýaryş Ekwadorda geçiriler.


şu gün 15:42
3.7k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

düýn 20:28
11k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
11k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.7k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......