Messi Argentinanyň düzüminde ilkinji uly baýragyny gazandy

  • 11.07.2021 09:18
  • 16k+

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany Lionel Messi esasy toparyň düzüminde ilkinji uly baýragyny gazandy. Ýekşenbe gününe geçilýän gijede argentinalylar Amerikanyň Kubogynyň finalynda Braziliýanyň milli toparyny 1-0 hasabynda utdular.

2008-nji ýylda Messi Argentinanyň olimpiýa ýygyndysynyň düzüminde Pekinde geçirilen Oýunlarda altyn medal gazandy. Ol ýurduň esasy topary bilen bilelikde üç gezek Amerikanyň Kubogynyň kümüş baýrakçysy boldy, bir gezek dünýä çempionatynyň kümüş we Amerikanyň Kubogynyň bürünç medalyna eýe boldy.
Tamamlanan ýaryşda Messi dört gol girizdi we bäş netijeli geçirim etdi, ol Amerikanyň Kubogynyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. Messi bu ady braziliýaly Neýmar bilen paýlaşdy.
Messi 34 ýaşynda, ol Ispaniýanyň “Barselona” akademiýasynyň ýetişdiren oýunçysy bolup, esasy toparda 2004-nji ýylda ilkinji gezek çykyş etdi. Häzirki wagtda argentinaly oýunçy şertnamasyz, onuň “Barselona” bilen şertnamasynyň möhleti 1-nji iýulda tamamlandy. Messi alty gezek “Altyn topuň” eýesi boldy, bu rekorddyr. Ol “Barselona” bilen bilelikde dört gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy we 10 gezek Ispaniýanyň çempionatynda ýeňiş gazandy.


şu gün 17:01
4.5k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

şu gün 14:17
5.2k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....

düýn 14:25
14k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

düýn 09:54
1.6k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....