R.Meredow Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

  • 17.07.2021 01:32
  • 12k+

«Merkezi we Günorta Aziýa: sebitleýin özara baglanyşyk. Wehimler we mümkinçilikler» atly halkara maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew tarapyndan kabul edildi.

TDIM-niň saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşykda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanmak bilen, sebitleýin we sebitara hyzmatdaşlygynyň işjeň gatnaşyjysy bolup çykyş edýändigi aýratyn bellenildi. Sebit hem-de dünýä derejelerinde häzirki bar bolan ýagdaýlaryň nazarda tutulmagynda iki ýurduň syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ulgamlardaky meseleleriň giň toplumy babatyndaky özara hereketlerine hem seredilip geçildi. Bilelikdäki hökümetara toparyň nobatdaky mejlisini geçirmegiň derwaýyslygy nygtaldy.
Şu ýylyň 6-njy awgustynda «Аwaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna görülýän taýýarlygyň depgini hem ara alnyp maslahatlaşyldy.


şu gün 16:30
292

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

şu gün 12:20
568

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.6k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......