R.Meredow ABŞ-nyň Prezidentiniň geňeşçisi bilen owgan meselesini maslahatlaşdy

  • 17.07.2021 00:45
  • 13k+

Özbegistanyň Daşkent şäherinde saparda bolýan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow ABŞ-nyň Prezidentiniň Içerki howpsuzlyk meseleleri boýunça geňeşçisi Elizabet Şerwud-Rendal bilen duşuşdy. Oňa ABŞ-nyň Owganystanda parahatçylygy dikeltmek meseleleri boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad hem gatnaşdy. Bu barada TDIM-niň resmi internet saýty habar berýär.

Taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny, hususan-da, howpsuzlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, sebitdäki we onuň daşyndaky häzirki zamanyň howplaryna hem-de wehimlerine garşy göreşmäge gönükdirilen özara hereketleriň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn mehanizmleriniň ähmiýeti nygtaldy.
Türkmenistanyň ýakyn goňşy döwleti bolan Owganystandaky ýagdaýlar boýunça pikirler alşyldy. Syýasy-diplomatik tagallalar arkaly Owganystanda parahatçylygy ilerletmek babatda türkmen tarapynyň garaýyşlary beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar anyk netijeleri gazanmak ugrunda “Türkmenistan-ABŞ-Owganystan” formatdaky hereketleri işjeňleşdirmek barada pikir alyşdylar.


düýn 19:38
2.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......