Lightyear niderland kompaniýasynyň elektromobili bir zarýad bilen 710 kilometr geçdi

  • 16.07.2021 16:45
  • 7.5k+

Lightyear One Gün batareýaly elektromobiliň prototipi sygymy 60 kWt/sag bolan akkumulýatorly awtomobil üçin rekord derejeli aralygy görkezdi. Sagatda 85 km tizlik bilen elektromobil 710 kilometr aralygy geçdi. Munuň üçin tas dokuz sagat gerek boldy.

Synag Germaniýadaky Aldenhowen synag merkezinde geçirildi. Lightyear kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, “bu elektromobiliň sygymy 60 kWt/sag bolan akkumulýator bilen geçen iň uzak aralygydyr”. Deňeşdirmek üçin, 2021-nji ýylyň Tesla Model 3 Long Range elektromobili 70 kWt/sag sygymly akkumulýator bilen ortaça 455 km ýol ätiýajyna eýedir.
Öndüriji häzirki wagtda bazardaky iň netijeli elektromobilleriň hem sagatda 85 km tizlikde, takmynan, 50% köp energiýa sarp edýändigini nygtaýar.

“Elektromobiliň bir kilometr üçin energiýa sarp edişini azaltmak kiçi batareýadan has köp aralygy kepillendirýär. Batareýalaryň elektromobiliň iň gymmat bölegi bolandygy üçin, energiýa sarp edilişiniň azaldylmagy geljekde uly ýol ätiýajy bolan elýeterli elektromobillere geçip biljekdigimizi aňladýar” – diýlip, kompaniýada bellenilýär.

Lightyear One uzak aralyga syýahatlar üçin ulag hökmünde işlenip düzüldi. Onuň tekerleri dört sany garaşsyz elektrik hereketlendiriji bilen üpjün edildi, elektrokar 10 sekuntdan az wagtyň içinde sagatda 99 kilometre çenli bat alyp bilýär. Awtomobiliň standart toplumyna programma üpjünçiliginiň täzelenmegi, Apple CarPlay we Android Auto girýär.
Elektromobil güneşli howada her zarýad sagadynda, takmynan, 12 kilometre çenli ýoly üpjün edýän bäş sany gün paneli bilen enjamlaşdyrylandyr. Gün panelleri awtomobiliň üçeginde we kapotynda ýerleşýär.
Lightyear One elektromobiliniň 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda satuwa çykmagyna garaşylýar.


24.06.2026 18:36
4.4k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.1k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

22.06.2026 14:34
3k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....