Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň wekilleri owgan meselesini maslahatlaşdylar

  • 16.07.2021 09:15
  • 11k+

15-nji iýulda Daşkentde “C5+1” formatyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ABŞ-nyň Prezidentiniň Içerki howpsuzlyk meseleleri boýunça geňeşçisi Elizabet Şerwud-Rendalyň ýolbaşçylygyndaky ABŞ-nyň wekiliýetiniň arasynda gepleşikler geçirildi. Oňa ABŞ-nyň Owganystanda parahatçylygy dikeltmek meseleleri boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad hem gatnaşdy. Bu barada TDIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar Merkezi Aziýa döwletleri bilen ABŞ-nyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Daşkentde geçirilýän ýokary derejeli halkara maslahatyň tematikasy bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagy esasynda Günorta we Merkezi Aziýanyň arasynda özara baglanyşygy berkitmek boýunça işjeň pikir alşyldy.
Taraplar sebit howpsuzlygynyň howplaryna we wehimlerine garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen diplomatik gepleşikleri dowam etdirmek babatda gyzyklanmalary beýan edip, owgan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Gepleşikleriň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.


06.05.2026 20:34
9.8k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

06.05.2026 09:48
5.2k+

Gazagystanda daşary ýurtly hünärmenler we maýadarlar üçin «Altyn wiza» giriziler

Gazagystanda daşary ýurtly ökde hünärmenler üçin ýurtda işlemegi we ýaşamagy aňsatlaşdyrjak ýörite «Altyn wiza» ulgamy dörediler. Bu barada ýurduň medeniýet we habar beriş ministri Aida Balaýewa mälim etdi....

03.05.2026 23:48
6.2k+

Awtoulag öndürijiler ABŞ-dan milliardlarça dollar kompensasiýa talap edýärler

Iri awtoulag öndürijileri ABŞ-da öň tölenen gümrük salgytlary üçin takmynan 2,3 milliard dollar möçberinde kompensasiýa garaşýarlar....

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......