Eýran bilen Gyrgyzystan Türkmenistanyň üstünden geçýän ulag geçelgesini açar

  • 15.07.2021 20:13
  • 13k+

Eýran bilen Gyrgyzystan Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň çäklerinden geçýän Bandar-Abbas — Oş ulag geçelgesini açmak barada ylalaşdy. Bu barada ORIENT habar berdi.

Ýakynda Tähranda Ýewraziýa ykdysady bileleşigine girýän ýurtlaryň gatnaşmagynda ilkinji ýöriteleşdirilen "Ýewraziýa" sergisi geçirildi. Onuň çäklerinde Eýranyň demir ýol ulgamynyň ýolbaşçysy Said Rasuli bilen Gyrgyzystanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň prezidenti Danil Ibraýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Sputnik Gyrgyzystanyň habar bermegine görä, taraplar Gyrgyzystandan demir ýol arkaly harytlaryň hereket etmegi üçin has amatly şertleriň döredilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Maslahatyň dowamynda Eýran tarapy Bandar-Abbas - Oş ulag geçelgesini Eýranyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň üsti bilen işe girizmegiň mümkinçiligini doly goldaýandygyny we Eýranyň demir ýollary arkaly Gyrgyzystan Respublikasyna iň pes nyrhlardan ýük daşamak meselesini ara alyp maslahatlaşmaga taýyndygyny mälim etdi.
Bander-Abbas Eýranda iň uly port bolup durýar we ol Eýrana gelýän konteýnerleriň 90%-ini kabul edýär. Onuň ýük dolanyşygy, takmynan, ýylda 25 million tonna bolup, ol jemi 40 million tonnadan gowrak önüm kabul etmäge ukyplydyr. Dünýäniň 90 portuny birleşdirýän 22 sany halkara ýük daşaýyş ugry hem şu ýerden geçýär.
Ýatlap geçsek, 2014-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Eýranyň prezidenti Hasan Ruhaniniň we Gazagystanyň ilkinji prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň gatnaşmagynda Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň açylyş dabarasy geçirilipdi. Soň bolsa Hytaý we sebitiň beýleki ýurtlary bu ulag geçelgesi boýunça konteýner daşamaga başlapdylar.


düýn 11:28
601

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

16.06.2026 19:44
2.1k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

15.06.2026 18:57
1.7k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
1k+

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......